Şu gün,18-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi öz işini tamamlady. Onuň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk bölegini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanylan maslahat hem geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen senesine gabatlanan däbe öwrülen bu wekilçilikli çäräni birleşme ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde gurady.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredilenden bäri geçen dokuz ýylyň dowamynda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasynda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýan iri jemgyýetçilik guramasyna öwrüldi. Häzirki wagtda Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birleşmäniň we 2012-nji ýylda döredilen Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bölümleri öz işlerini yzygiderli amala aşyrýarlar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň halkara derejesinde alyp barýan işi ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna, netijeli işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzyň telekeçileriniň gazananlarynyň sergisiniň çäklerinde maslahat hem-de gatnaşyklary pugtalandyrmaga we täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berýän duşuşyklar geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň giň möçberli sergisi ýurdumyzyň hususy telekeçiliginiň ägirt uly kuwwatyny we milli ykdysadyýetimiziň ösüşine goşýan goşandyny äşgär edip, öz işini tamamlady.

Serginiň we maslahatyň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy.

Sergä we maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Maýa Apbaýewa, žurnalist.
Döwlet Heşdekowyň fotokollažy.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!