Şu gün, 28-nji fewralda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň ХIII ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady.
Häzirki döwürde Eýran ägirt uly senagat hem-de ylmy kuwwatlyklara eýe bolmak bilen, daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Şeýle-de möhüm ähmiýeti bolan we sebit derejesindäki giň möçberli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşýar.
Serginiň açylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Sergä gatnaşyjylar birnäçe günüň dowamynda iň täze tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary görkezýän köpugurly sergi bilen ýakyndan tanyşmaga, geljekki meýilnamalary we özara gyzyklanmalar esasynda işewür teklipleri taýýarlamaga mümkinçilik alar.

Maýa Apbaýewa,
Surata düşüren Döwlet Heşdekow.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!