Şu gün, 23-nji fewralda Sergi köşgünde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işini tamamlady. Däp bolşy ýaly, bu sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan “Meridyen Uluslararasi Fuarçilik” türk kompaniýasy bilen bilelikde geçirilýär.
Forumyň işiniň 3 gününiň dowamynda oňa gatnaşan kompaniýalaryň tanyşdyryş çäreleri geçirildi. Giň möçberli sergä aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi gelip gördi.
Ýöriteleşdirilen gözden geçirilişiň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar hem-de halkara nusgaly sertifikatlar gowşuryldy.
Dabaranyň barşynda sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul edip, bildirilen myhmansöýerlik hem-de ykdysady gözden geçirilişiň ýokary guramaçylyk derejesinde guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Maýa Apbaýewa, žurnalist.
Döwlet Heşdekowyň fotokollažy.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!