Şu gün, 21-nji fewralda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň däp bolan sergisi öz işine başlady.

Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidentiniň sergä gatnaşyjylara we myhmanlaryna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Köpugurly sergi türk öndürijileriniň eksporta iberýän harytlarynyň dürli görnüşlerini görkezýär. Olar öz içine dürli ulgamlara degişli teklipleri alýarlar.

Sergi öz işini 23-nji fewralda tamamlar.

Maýa Apbaýewa,
Surata düşüren Döwlet Heşdekow.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!