«Sergilere gatnaşmagyň netijeliligini nädip ýokarlandyrmaly» atly praktiki seminara Belarusyň kompaniýalarynyň 140-dan gowragynyň wekilleri gatnaşdylar. Seminar Minsk şäherindäki IMAGURU biznes-klubynda geçirildi.

«ЭкспоЭффект» atly sergi konsalting agentliginiň baş direktory Nikolaý Karasýow tarapyndan alnyp barylan seminarda oňa gatnaşyjylara sergilerdäki mümkinçilikleri netijeli ulanmagyň has işjeň ulanylýan usullary we strategiýasy barada gürrüň berildi. Seminar praktiki ähmiýetli bolup, onuň dowamynda interaktiw usulda sergileriň tejribesinden anyk mysallar bilen tanyşdyryldy. Soň bolsa dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tejribesi seljerildi.

Çäräniň guramaçysy bolup, Belarusyň Söwda-senagat edarsynyň «Белинтерэкспо» sergi kärhanasy çykyş etdi.

Türkmen diline terjime eden Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!