26.12.2016. Türkmenistanda 2017-nji ýylyň 12-nji fewralyna bellenilen ýurduň Prezidentiniň saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýär. Häzirki wagtda saýlaw möwsüminiň esasy tapgyrlarynyň biri — ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri bellige almak dowam edýär. Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň nobatdaky mejlisi boldy. Onda raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenen Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler bellige alyndy.

Bellige alnanlaryň arasynda Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew; Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Mejlisiň deputaty Ramazan Mustapakulyýewiç Durdyýew; Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanow; Ahal welaýatynyň baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy Serdar Begmuhammedowiç Jelilow; «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Garabogazsulfat» önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Oraznepesowiç Nurnepesow bar. Dalaşgärleriň ählisi teklipçi toparlar tarapyndan hödürlendi. Munuň özi bolsa raýatlaryň gönüden-göni döwleti dolandyrmaga gatnaşýandygyna güwä geçýär. Dalaşgärleriň hemmesine degişli şahadatnamalar gowşuryldy. Ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler işlerine ýokary baha beren hem-de saýlawlarda özlerine wekilçilik etmäge bildiren ynamy üçin saýlawçylara hoşallyk bildirip, türkmen halkyny ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutladylar.

Ähli dalaşgärlere giň göwrümli ösüş maksatnamalaryny, ilkinji nobatda bolsa, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk hem gowulandyrmak boýunça maksatnamalary amala aşyrmak bilen baglanyşykly tekliplerini saýlawçylaryna hödürlemek üçin deň hukuklar hem-de mümkinçilikler berilýär.

Öz nobatynda saýlawçylara dalaşgärleriň syýasy, işewür we şahsy başarnyklaryny ýygnaklarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde erkin hem-de hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmaga hukuk berilýär. Bu bolsa raýatlara her bir dalaşgär bilen tanşyp, onuň maksatnamasyna baha bermäge, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine iň mynasyp dalaşgär üçin ses bermäge mümkinçilik berer.

Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky işleriň gidişine milli synçylar hem-de halkara guramalarynyň ýörite çagyrylan wekilleri gözegçiligi amala aşyrar.

Öňde boljak Prezident saýlawlaryna taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk işleri dowam edýär.

«tdh.gov.tm»

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!