26.12.2016. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 63-si hasaba alyndy.

Beýik Britaniýadan, Owganystandan, Belizden, Gruziýadan, Gazagystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen, gidrousul arkaly arassalanan dizel ýangyjyny, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen benzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna azyklyk däne, nah ýüplük, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek we beýleki matalar, flanel mata, portlandsement, buýan köküniň şiresi, tikinçilikde uanylýan pamyk, pagta süýümi, gaýtadan işlenen süýüm satyldy. Olary satyn alan ýurtlar: Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Şweýsariýa, Türkiýe, Singapur, Owganystan, Beliz, Serbiýa, Ermenistan, Gruziýa, Gazanystan, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 31 million 625 müň dollaryndan gowrak boldy.

Russiýa Federasiýasynyň, Beýik Britaniýanyň, BAE-niň we Niderlandlaryň işewür toparlarynyň wekilleri manat serişdelerine umumy bahasy 4 million 223 müň manat bolan ýüňi, nah ýüplügini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 2 million 492 müň manatdan gowrak bolan ýük awtoulaglaryny, tehniki kükürt, azyklyk däne satyn aldylar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!