«Astana EKSPO-2017» Milli kompaniýasynyň wekiliýeti Prawleniýanyň başlygy Ahmetžan Ýesimowyň ýolbaşçylygynda Halkara Sergi Býurosynyň Parižde guralan 160-njy Baş Assambleýasyna gatnaşdy.
«Astana EKSPO-2017» Milli kompaniýasynyň baştutany öz çykyşynda sergä görülýän taýýarlyk barada gürrüň berdi hem-de bu kompaniýanyň geljekki döwür üçin meýilleşdirýän işleri barada maglumat berdi.
Häzirki güne çenli dünýä döwletleriniň 106-sy, halkara guramalaryň 17-si EKSPO-2017 sergisine gatnaşmaga isleg bildirdi. Sergä gatnaşýan döwletleriň milli güni mynasybetli geçiriljek dabaralaryň 67-siniň senesi belli edildi. Ösüp barýan ýurtlara kömek etmäge niýetlenen Maksatnama durmuşa geçirilýär. Ýüpek ýoly ýurtlary, Müsür, halkara guramalary, Latyn Amerikasy ýurtlary, Karib deňzi basseýni ýurtlarynyň bileleşigi, Afrika we Ýuwaş okean ýurtlary üçin tehniki sessiýalara geçirildi.
Çykyşyň jemi boýunça Halkara Sergi Býurosynyň ýolbaşçylary we agzalary “EKPO-2017”-niň taýýarlyk işlerine ýokary baha berdiler.

«expo2017astana.com» saýtynyň maglumatlary boýunça taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.
Rüstem Nuryýewiň kollažy

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!