Aşgabatly çagalaryň arzuwy hasyl boldy. Şähere ak ýorgan ýaly ak gar ýapyp, şu gyşyň ilkinji gary ýagdy. Ol gaty güýçli ýagdy. Öten gijesi bilen ýagyp, çagalara Garadam ýasamaga-da, gar zyňyşyp oýnamaga-da ýeterlik boldy.

Şäheriň köçelerini, jaýlaryň üçeklerini, baglary, baýyrlary we dag gerişlerini we Aşgabadyň töwerek-daşyny ak perde örtüp, türkmen paýtagtyny ertekidäki şähere öwürdi.

Ilkinji gara hemmeler begenýär. Diňe sürüjiler hüşgärligi elden bermezlik üçin has ünsli bolmaly bolýarlar. Bütin ýylyň dowamynda gar sanaýmaly gezek ýagýandygy, onuň 1-2 günden uzak ýatmaýandygy üçin biziň şäherimiziň sürüjileri garda we doňaklykda ulaga erk etmäge werziş bolmaýarlar. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri ak reňki şowlulygyň we bolelinligiň nyşany hasaplaýarlar. Ine, ýene-de ak mermerli Aşgabady gözüňi gamaşdyrýan ak reňke bezäp ak gar ýagdy. Bu bolsa aşgabatlylar tarapyndan şowlulygy wada berýän alamat hasaplanýar.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.
Surata düşüren Kakamyrat Geldiýew.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!