Ýuwaş okean Alýansynyň döwletleri – Çili, Meksika, Peru we Kolumbiýa, şeýle-de Barbados EKSPO-2016 halkara ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmaga isleg bildirdi. Şeýlelikde, bu sergä gatnaşjak döwletleriň umumy sany 111-e ýetdi.
Sergä gatnaşmaga täzelikde isleg bildiren döwletleriň wekilleriniň aýtmagyna görä, onuň “Geljegiň energiýasy” atly şygary Ýuwaş okean Alýansynyň döwletleri üçin aktual bolup durýar. Çünki olar täzeden döredilýän energiýany almagyň usullaryny yzygiderli öwrenýärler. Meselem, Çilide dag magdan senagaty güýçli depginde ösendigi sebäpli, köplenç halatda Gün we ýel energiýasy peýdalanylýar. Peruda gidroenergiýa resurslarynyň, tebigy gazyň ätiýaçlyklarynyň gaz kondensatynyň bardgygyna garamazdan, Gün, ýel we geotermal energiýasyny ösdürmäge üns berilýär. Kolumbiýa Gün energiýasy bilen işleýän awtomobil öndüren ýurt hökmünde energiýanyň alternatiw çeşmelerini öndürmäge gyzyklanma bildirýär. Meksika nebit gazyp alýan döwlet hökmünde energiýanyň täze görnüşlerini gözlemegini dowam etdirýär.
Bu sebitde Kosta-Rika täzeden alynýan energiýany öndürmekde dünýä boýunça öňdebaryjylaryň biri bolup durýar. Olar ulanýan energiýalarynyň 90 göterimini alternatiw çeşmelerden alýarlar.

«expo2017astana.com» saýtynyň materialyny terjime eden Goçmyrat Orazberdiýew.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!