7-nji dekabrda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2016» atly XXI halkara maslahat we sergi dabaraly ýagdaýda açyldy.

Dünýäniň nebitgaz senagatynyň işjeň ösýän hem-de Türkmenistanyň bu işde ornunyň has güýçlenýän şertlerinde bu ulgamda işleýän esasy daşary ýurt kompaniýalarynyň iri pudaklaýyn gözden geçirilişe gatnaşmaga gyzyklanmasy artýar.

Şu sergi we maslahat öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagyny höweslendirmäge hem-de milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz ulgamynyň innowasion ösüş ugruna toplumlaýyn çemeleşilmegini üpjün etmäge ýardam etmelidir. Bu foruma dünýäniň birnäçe döwletinden iri kompaniýalaryň onlarçasy gatnaşýar.

Hyzmatdaşlygyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak günüň ikinji ýarymynda öz işine başlan halkara ylmy maslahatyň çäklerinde dowam etdi.

Forumyň işiniň üç gününiň dowamynda köp sanly duşuşyklar we gepleşikler geçiriler. Olar ýurdumyzyň ýangyç-energetika serişdelerini netijeli özleşdirmek hem-de rejeli ulanmak maksady bilen täze bilelikdäki taslamalaryň esasyny goýar.

Kakamyrat Geldiýew.
Surata düşüren Röwşen Balakaýew.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!