05.12.2016. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dürli markaly awtobenzini satyn aldylar. ABŞ-dan gelen işewürler bolsa tehniki uglerody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we tüýjümek önümleriniň giň görnüşi, nah ýüplük, mata, pagta süýümi satyldy. Olary Russiýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Singapurdan, Gruziýadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 44 million 554 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Şotlandiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 8 million manat töweregi bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazarda jemi bahasy 5 million manatdan gowrak azyklyk bugdaýy we karbamidi satyn aldylar.

«tdh.gov.tm»

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!