Mälim bolşy ýaly, sportuň 21 görnüşi boýunça geçiriljek Oýunlara Aziýa döwletlerinden başga-da, Okeaniýa ýurtlary hem gatnaşar. Şu ýylyň maý aýynda milli Liderimiz «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň gadymy diwarlarynyň ýanynda 500 günlük atly ýörişe badalga berdi. Bu ýöriş tutuş ýurdumyzyň içinden geçip, Aziada-2017-niň açyljak güni Olimpiýa şäherjiginiň baş meýdançasyna geler.

Mirasa sapa goýmak, Watany özgertmek ýylynda nesilleriň dowamat-dowam edýändigi, milletiň baý medeni mirasynyň ölmez-ýitmez ähmiýeti baýramçylyk dabarasyny dowam etdiren «Milli miras buýsanjydyr milletiň» atly edebi-çeper sazly çykyşda nygtaldy. Onda özüniň gülläp ösüş döwrini başdan geçirýän mähriban Watana türkmenistanlylaryň buýsanjynyň, söýgüsiniň nähili çuňňurdygy şöhlelendirilýär.

«Bereketli meýdan daýhanyň bagty» atly beýleki bir çykyş ynamly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerini eýeleýän obasenagat toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň göwrümli çäreler barada gürrüň berýär. Daýhanlar bol hasyl ýetişdirmekde uly üstünliklere eýe bolýarlar. Ynha, Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygynyň edil öňüsyrasynda pagtaçylarymyz 1 million 50 müň tonnadan gowrak «ak altyn» ýygnap, ýurdumyzyň taryhyna ajaýyp goşant goşdular. Bularyň hemmesi türkmen halkynyň asyrlarboýy arzuw eden berkarar döwletiniň ykdysady kuwwatynyň güwänamasy bolup durýar.

Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda gazanylan düýpli üstünlikler hem-de güýçli ykdysady ýokary göteriliş ýurdumyzda amala aşyrylýan hem-de ähli möhüm ulgamlary gurşap alan giň göwrümli özgertmeleriň netijesidir. Ynha, Garaşsyzlyk ýyllarynda gaz geçirijiler— gündogar ugurda—Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý, günorta ugurda — Türkmenistan-Eýran, şeýle hem ýurduň islendik sebitine tebigy gazy uly möçberlerde öz wagtynda we çalt geçirmek üçin ýeke-täk gaz geçiriji ulgamy döretmäge mümkinçilik beren günbatarda «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijileri ulanyşa girizildi.

Bu mahal sport meýdançasynda Günorta-Gündogar ugur boýunça halkara gaz geçirijisiniň şekili emele getirilýär. Türkmenistan-Owganystan- Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň amala aşyrylmagy sebitiň ykdysady ösüşine güýçli itergi berer hem-de bu ýerde parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Stadionda türkmen halylarynyň gözelligini wasp edýän, milli halyçylyk sungatynyň we dokma pudagynyň gazanýan ýokary netijelerini taryp edýän aýdym ýaňlanýar.

Ir döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda hem türkmen halysy ildeşlerimiziň her biri üçin iň gymmatly sowgat bolup durýar. Milli halylarymyz dünýä ýüzünde örän uly çeper gymmatlyk, şeýle hem ajaýyp we täsin bezeg hökmünde elmydama, dünýä ýüzünde örän ýokary bahalanypdyr. Häzirki wagtda Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Awstriýanyň, Şweýsariýanyň we beýleki ýurtlaryň muzeýlerinde, sergi zallarynda we çeperçilik galereýalarynda türkmen halysynyň gadymy nusgalary saklanýar. Halyçylyk sungatynyň inçe syrlaryny müňýyllyklaryň jümmüşinden häzirki döwre alyp gelen halkymyzyň ýüzüniň tuwagy bolup, türkmen halysy dünýä ýüzüni haýrana goýmagyny dowam edýär. Häzirki wagtda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, el halysyny dokamak sungaty, milli mirasyň baý däp-dessurlaryny hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny özünde birleşdirip, täze many-mazmuna eýe bolýar.

Ýurdumyzyň baş sport meýdançasynda dabaralar dowam edýär. «Senagat ulgamy ösüş ýolunda» , «Güller açýar, göwher gaşly Awaza» sazly çykyşlary ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly gurluşyklar barada gürrüň berýär. Häzirki wagtda türkmen topragy ägirt uly gurluşyk meýdançasyny ýada salýar. Mundan birnäçe ýyl ozal hem amala aşyrylmagy mümkin däl ýaly bolup görünen işler ýüzlerçe iri göwrümli taslamalarda amala aşyrylyp, gözümiziň öňünde hasyl bolýar. Hazar deňziniň kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy muny aýdyň görkezýär.

Häzirki wagtda Hazar deňziniň kenarynda çalt depginlerde ösýän ähli amatlyklary bolan deňiz şypahanasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady ulgamyň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýan syýahatçylyk we dynç alyş ulgamyny ösdürmekde ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň alamaty hasaplanýar. Häzirki wagtda Awazada diňe bir ýokary dereje-de dynç almak, saglygyňy berkitmek bilen çäklenmän, sport bilen, şol sanda sportuň suwdaky görnüşleri bilen meşgullanmak arkaly wagtyňy peýdaly geçirmek mümkin. Arassa howa, gün şöhlesi hem-de deňizde suwa düşmek adamyň beden agzalaryna hem-de şähdaçyklygyna gowy täsir edýändigi gürrüňsiz hakykatdyr. Munuň özi bolsa uzak wagtyň dowamynda ruhubelent bolmagyň, özüňi oňat duýmagyň kepilidir.

Küştdepdi tansynyň ýerine ýetirilmegi bilen baýramçylyk dabarasy has hem gyzgalaňly häsiýete eýe boldy. Onda dabara gatnaşanlar bir bütewi jemlenişip, öz giň göwrümli işlerini mähriban halkymyzyň bagtyýar ýaşamagyny, Watanymyzyň gülläp ösmegini, abadançylygyny üpjün etmäge gönükdiren milli Liderimiziň töwereginde türkmenistanlylaryň jebisleşýändigini şöhlelendirdiler.

Baýramçylyk dabarasy ahyrlap barýar. Sport meýdançasynyň merkezinde «ARKADAGA ŞÖHRAT» diýen ýazgy ýazylýar. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň, türkmen halkymyzyň hem-de ruhlandyryjymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şanyna arzuwlar we aýdym aýdylýar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!