Paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň Garaşsyzlygyň 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistan” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu barada “tdh.gov.tm” saýty habar berdi.
Döwlet Baştutanynyň täze işi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk taryhynyň özboluşly ýylýazgysydyr. Onda garaşsyzlygyň many-mazmuny jemgyýetçilik aňy üçin düşnükli dilde beýan edilýär.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda oňa gatnaşyjylara döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan” atly täze kitaby sowgat berildi.
Bu kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edildi.

FaLang translation system by Faboba