26-njy noýabrda paýtagtymyzyň “Mizan” täjirçilik merkezinde işewürler maslahaty — Türkmenistanda Germaniýanyň ykdysadyýetiniň güni geçirildi. Aşgabatda 5-nji gezek geçirilýän çäräni ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy hem-de Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Merkezi Aziýadaky wekilhanasy guraldy. Bu barada «Туркменистан: золотой век» elektron gazeti habar berýär. Bu barada «Туркменистан: золотой век» elektron gazeti habar berýär.
Duşuşyga iki döwletiň ministrlikleriniň, pudak hem-de bank edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, iri nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.
german ykdgunleriForumyň esasy meselesi açylýan mümkinçilikler babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň täze gurallaryny işläp taýýarlamakdan hem-de iki dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmekden ybarat boldy.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili duşuşygy açyp, dürli derejelerde özara bähbitli birnäçe üstünlikli gatnaşyklara eýe bolan däp bolan türkmen-german hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady.
Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň çykyş eden wekilleri ileri tutulýan milli hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy wezipelerine laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlygynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy ýörelgesiniň baş we üýtgewsiz ugry bolup durýandygyny bellediler.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň çykyşlarynda iki dostlukly döwletiň ykdysadyýetleriniň şu günki ýagdaýyna hem-de olary ösdürmegiň geljegine syn berildi.
Bu ýere ýygnananlar forumyň netijelerini jemläp, hormatly Prezidentimize Germaniýanyň ykdysadyýet gününi geçirmekde goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
“Mizan” täjirçilik merkezinde bolan çäreleriň çäklerinde guralan sergide Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümleri görkezildi. Bu ýerde ýurdumyzyň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlary bolan nemes kompaniýalarynyň hem birnäçesiniň diwarlyklary ýerleşdirildi.

Surata düşüren Kakamyrat Geldiýew.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!