12-nji noýabrda paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergisi hem-de ylmy maslahat açyldy. Bu barada «Туркменистан: золотой век» elektron gazeti habar berýär.
Däp bolşy ýaly, okuw ýylynyň gyzgalaňly döwründe guralýan halkara sergi Türkmenistanyň bir bitewi dünýä bilim giňişligine girmegine, ýurdumyzyň daşary ýurt bilim we sport edaralary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, dünýäde sagdyn durmuş ýörelgesini hem-de hünär ussatlygyny ýaýmaga, ýurdumyzda we daşary döwletlerde okatmagyň ugurlarynyň hem-de görnüşleriniň köpdürlüligi hakynda ýaşlary habarly etmäge ýardam edýär.
Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň, sport edaralarynyň, halkara guramalarynyň, kompýuter hem-de multimediýa tehnikalaryny, lingafon we barlaghana enjamlaryny, mekdep mebelini hem-de okuw-görkezme esbaplaryny, programma üpjünçiligini, sport eginbaşlaryny we enjamlaryny öndürýän kompaniýalaryň 50-ä golaýynyň wekilleri bar.
Sergi köşgüniň görkeziş meýdançasy möhüm duşuşyklaryň, gepleşikleriň geçirilýän, işewür gatnaşyklaryň ýola goýulýan hem-de bilim we sport ulgamlarynda tejribe alşylýan ýere öwrüldi. Türkmenistanyň çalt ösýän bazarynda işewürligi ilerletmegiň mümkinçilikleri daşary ýurt wekiliýetleri tarapyndan işjeň ara alyp maslahatlaşyldy. Şu ýerdäki mejlisler zalynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň bilim we sport ýaly ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çemeleşmeleri işläp düzmäge bagyşlanyp geçirilen ylmy maslahat şol gepleşikleriň dowamyna öwrüldi.
Onuň işine dünýäniň 34 ýurdundan wekiller—bilim hem-de sport ulgamynyň alymlary we hünärmenleri gatnaşýarlar. Olar ugurdaş bölümlerde şol ulgamlara ornaşdyrylýan innowasiýalar we olary ösdürmegiň mümkinçiliklerini, iň gowy milli dünýä tejribesini ara alyp maslahatlaşarlar.
Forum öz işini 14-nji noýabrda tamamlady.

Surata düşüren Kakamyrat Geldiýew.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!