11-nji noýabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň VII halkara maýa goýum forumy geçirildi, ony ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy gurady. Bu barada «tdh.gov.tm» saýty habar berdi.
Işewürlik duşuşygyna dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 200-den gowrak wekiller, halkara we sebit maliýe guramalarynyň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri ýygnandylar. Türkmen tarapyndan maslahata ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, banklaryň, ugurdaş ylmy institutlaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Forumyň çäklerinde türkmen tarapynyň wekilleri Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty we ýeten sepgitleri, ýurdumyzyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi barada çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ylmyň we hünär biliminiň, iň täze tehnologiýalaryň we önümçiligi guramagyň usullarynyň, maýa goýumlaryny höweslendirmegiň utgaşdyrylmagy esasynda ykdysadyýetiň täze senagat nusgasynyň kemala getirilmegine ägirt uly ähmiýet berilýär.
Umumy mejlisiň çäklerinde nebitgaz we nebithimiýa toplumyny, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny, ulag-aragatnaşyk pudagyny, maliýe we bank düzümlerini ösdürmek boýunça taslamalary amala aşyrmak maksady bilen, daşary ýurt maýalarynyň akymyny artdyrmak üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Türkmenistanyň gurluşyk we gurluşyk serişdeleri senagaty ulgamynyň, Hazar deňziniň türkmen böleginiň uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça maýa goýum mümkinçilikleri foruma gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem dokma senagatynda, energetika pudagynda, maglumatlar tehnologiýalary ulgamynda, obasenagat toplumynda we azyk senagatynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygy bellenildi.
Türkmenistan ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda innowasiýa häsiýetli önümçilikleri döretmäge gönükdirilen anyk taslamalara garamaga taýýardyr. Şunda ýurdumyzyň iri maýa goýumyny, öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge, halkara ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman tehnikasynyň we enjamlarynyň getirlmegine uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.
Türkmenistanyň VII halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Koreýa Respublikasynyň Halkara söwda assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!