Aşgabatda umumymilli baýramçylygyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň 24 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisi geçirildi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berdi.
Däp bolan foruma gatnaşyjylaryň düzümi ýylsaýyn giňelýär, olar ykdysady we maliýe-bank, bilim we medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlaryna, şeýle hem hususy işewürligiň kärhanalaryna wekilçilik edýärler. Şu sergide gatnaşyjylaryň 120-den gowragy, şol sanda firmalaryň we kompaniýalaryň 60-a golaýy, hususy telekeçiligiň wekilleri özleriniň mümkinçiliklerini, öndürýän önümleriniň ýokary hilini we hödürleýän hyzmatlarynyň köpdürlüligini görkezdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlyk ugry, amala aşyrýan içerki maýa goýum syýasaty netijesinde ýurdumyzyň senagat kuwwaty ep-esli berkidildi, degişli durmuş, ulag-aragatnaşyk we inženerçilik düzümi kemala getirildi. Döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda amala aşyrýan syýasaty ykdysadyýetiň pudaklarynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny we diwersifikasiýalaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar.
Sebitleriň senagat pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, olaryň çig mal serişdelerini rejeli ulanmak, täze iş orunlaryny döretmek boýunça giň möçberli işler dowam etdirilýär. Ahyrky netijede, bularyň ählisi türkmenistanlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Serginiň çäklerinde “Türkmenperi” toý we gözellik salonynyň dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan toý lybaslarynyň toplumlarynyň görkezilişi bu çäräniň köp öwüşginli bolmagyny üpjün etdi.
Ýylyň esasy sergisi tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylara degişli diplomlary we şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy.
Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!