Paýtagtymyzyň “Mizan” täjirçilik merkezinde 20-nji oktýabrda tegelek stol görnüşinde geçirilen türkmen-brazil işewürler maslahaty ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerine bagyşlanyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Duşuşygyň barşynda Braziliýanyň işewürler toparlarynyň Latyn Amerikasyndaky uly mümkinçilklere eýe bolan hyzmatdaş hökmünde türkmen ykdysadyýetiniň ileri tutulýan taslamalaryna, hususan-da, energetika, oba hojalygy, dokma senagaty, şeýle hem syýahatçylyk we sport ulgamlarynda durmuşa geçirilýän taslamalara gatnaşmaklarynyň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-brazil işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini we daşky gurşawy goramagyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi esasynda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösdürilmegini hem hasaba almak bilen, ýokary tehnologiýaly pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga özara gyzyklanmalaryny beýan etdiler.
Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak maksady bilen türkmen we brazil işewürleriniň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar doly möçberli türkmen-brazil gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigini kanagatlanmak bilen belläp, şu gezekki maslahatyň iki dostlukly ýurtlarynyň halklarynyň abadançyygynyň bähbidine özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň binýady boljakdygyny bellediler.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!