14-nji oktýabrda “Mizan” täjirçilik merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenmäge bagyşlanan türkmen-belarus işewürler maslahaty geçirildi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berdi.
Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň we Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde guran duşuşygyna gatnaşmak üçin Belarusuň döwlet düzümleriniň, Söwda-senagat edarasynyň sebit wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryndan ybarat wekiliýet türkmen paýtagtyna geldi, şeýle hem wekiliýetiň düzüminde iri hususy kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary bar, şol kompaniýalar ykdysady işiň dürli ugurlaryna ýöriteleşdirilendir.
Türkmen tarapyndan duşuşyga Ykdysadyýet we ösüş, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler, senagat, Gurluşyk we binagärlik, Jemagat hojalygy, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Dokma senagaty ministrlikleriniň, “Türkmenawtoýollary”, “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň, “Türkmenhaly” we “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşikleriniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň däbe öwrülen köpugurly hyzmatdaşlygy strategiki häsiýete eýe bolup, özara bähbitlere hem-de häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýär. Muňa iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ösüş depginleri, bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilmeginde iri belarus kompaniýlarynyň türkmen bazarynda işjeň iş alyp barmagy hem şaýatlyk edýär.
Işewürler maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň we Belarusuň ykdysady gazananlary, özara bähbitlere laýyk gelýän uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk üçin açylýan mümkinçilikler baradaky wideofilmler görkezildi.
Maslahatyň çäklerinde döwlet düzümleriniň we işewürler toparlarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi, olaryň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Surata düşüren Kakamyrat Geldiýew.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!