28-29-njy noýabrda paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Türkmenistanyň pagta önümleriniň V halkara sergi-ýarmarkasy hem-de «Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary» atly halkara maslahaty geçirildi. Pudaklaýyn wekilçilikli iki günlik forumy “Türkmenpagta” döwlet konserni, Türkmenistanyň döwlet haryt çig-mal biržasy hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar. Bu barada «tdh.gov.tm» saýty habar berdi.
Forumyň işine ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň, esasan-da, pagtaçylyk pudagynyň edara-kärhanalarynyň bölümleri hem-de Russiýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Bangladeşden, Türkiýeden, Germaniýadan, Italiýadan, Hindistandan, Latwiýadan, Moldowadan, Belarusdan, Gazagystandan, Özbegistandan we beýlekilerden daşary ýurt kompaniýalarynyň we guramalarynyň 80-sine wekilçilik edýän dünýäniň 27 ýurdundan hyzmatdaşlar gatnaşdylar.
pagta12015-nji ýylyň sergi-ýarmarkasynyň bölümleriniň köpdürlüligi foruma gatnaşyjylara we myhmanlara taýýar önümleriň täze nusgalary, önümçiligiň ösen tehnologiýalary bilen tanyşmaga, tehniki we azyklyk ekinleriň sortlaryna, tohumlaryň we gaýtadan işlenen çig malyň hiline baha bermäge, dünýäniň köp ýurtlary üçin bu strategik taýdan möhüm pudakda gymmatly iş tejribesi bilen paýlaşmaga ajaýyp mümkinçilik döretdi.
Sergi-ýarmarkasynyň barşynda Sergi köşgüniň maslahatlar zalynda ýörite ugurly pudak edaralarynyň hünärmenleriniň hem-de obasenagat pudagynyň kompaniýalarynyň wekilleriniň, ýurdumyzyň öňden gelýän hem-de geljegi uly hyzmatdaşlarynyň, oba hojalyk maşyngurluşyk kärhanalarynyň hünärmenleriniň, oba hojalykçy alymlaryň hem-de pudagyň esasy bilermenleriniň gatnaşmagynda “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahat guraldy.
Maslahat iki bölümçede öz işini dowam etdi. Olaryň ilkinjisi S.A.Nyýazow adyndaky oba hojalyk uniwersitetiniň maslahatlar zalynda, ikinjisi bolsa paýtagtymyzyň oba hojalyk toplumyň binasynyň maslahatlar zalynda guraldy.
Türkmenistanyň pagta önümleriniň V halkara sergi-ýarmarkasy hem-de ”Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahatyna gatnaşyjylara dabaraly ýagdaýda halkara nusgaly diplomlar gowşuryldy.
Ykdysady gözden geçirilişiniň işi tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylar bildirilen myhmansöýerlik hem-de forumuň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyk bildirip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenme kabul etdiler.

Surata düşüren Kakamyrat Geldiýew.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!