Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji oktýabrda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň 9 aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine hem-de döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy. Bu barada «tdh.gov.tm» saýty habar berdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň, welaýatlaryň häkimleriniň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň pektorlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we beýleki degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilýän giňişleýin mejlisiň gün tertibini yglan edip, milli Liderimiz oňa gatnaşyjylara söz berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow şu ýylyň dokuz aýynda söwda toplumynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende haryt dolanyşygynyň umumy möçberiniň ösüş depgini 113 göterim üpjün edildi. Şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 106 göterim, lomaý söwdanyňky 116,4 göterime deň boldy. Hasabat döwründe ministrlik boýunça özleşdirilen maýa goýumlarynyň ösüş depgini 126 göterime barabar boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt- çig mal biržasy boýunça şu döwürde söwdalaşyklaryň 185-si geçirildi we 15 müň 723 şertnama hasaba alyndy. Import-eksport şertnamalarynyň bahasy 12 milliard 683,8 million manada, gurluşyk şertnamalarynyň bahasy 22 milliard 639,3 million manada deň boldy. Daşary ýurt walýutasynda gelip gowşan serişdeleriň ösüş depgini 100,2 göterime barabar boldy. Girdeji almagyň meýilnamasy 113,8 göterim ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberniň ösüş depgini 115,8 göterime deň boldy. Girdejiniň ösüşi 126,1 göterim boldy. Daşary ýurt walýutasynda gelip gowşan girdejiniň ösüş depgini 129,7 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe sergileriň 22-si we 18 maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň öndürmegiň möçberi 17,8 göterim, oba hojalyk önümleriniň öndürilişi 4,9 göterim ýokarlandy. Gurluşyk-gurnama işleriniň möçberiniň ösüş depgini 101 göterime, söwda haryt dolanşygynyň ösüş depgini 123 göterime, hyzmatlar ulgamynyň ösüş depgini 127,7 göterime deň boldy.
Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň ministrlikleri hem-de pudak edaralary bilen bilelikde 2016-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän sergileriň, ýarmarkalaryň we maslahatlaryň meýilnamasy barada hasabat berdi. 2016-njy ýylda çäreleriň 31-sini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň 10-sy sergilerdir, 3-si sergi-ýarmarkanyň çäklerinde pudaklaýyn maslahatlardyr, 8-si maslahatdyr hem-de 10-sy sergidir. Bu çäreleriň 4-sini "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda, galanlaryny bolsa Aşgabatda guramak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda toplumynyň ösdürilmeginiň diňe bir hödürlenýän harytlaryň görnüşlerini giňeltmek, içerki bazary üpjün etmek däl, eýsem, pudagy öňdebaryjy guramaçylyk usullarynyň esasynda dolandyrmagy kämilleşdirmek, bu ulgamda işewür gatnaşyklary giňeltmek, ýurdumyzyň bazarlarynda sagdyn bäsdeşligi döretmek bilen baglanyşykly wezipeleri öňe çykarýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz halkara hyzmatdaşlygynyň söwda-ykdysady ulgamyň möhüm wezipeleridigini belläp, milli Lidermiz dünýäniň öňdebaryjy tejribesini çekmekde, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmakda, ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň we telekeçileriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda guralýan sergileriň hem-de maslahatlaryň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, bu işleriň gerimini giňeltmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Şunuň bilen mejlisi jemläp, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!