Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän “Demokratiýa we hukuk” atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sanyny çapdan çykardy.
Neşirde Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlary şöhlelendirilýär. Žurnalyň şu sanynyň sahypalarynda döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň mejlisinde, Mejlisiň deputatlary bilen duşuşykda eden çykyşlary çap edildi.
“Mirasa sarpa goýmak –milli ösüşimiziň binýadydyr” hem-de “Türkmenistanyň halkara medeni hyzmatdaşlygynyň ösüşi” atly makalalar döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde medeni ulgamda halkara gatnaşyklara bagyşlanýar.
Žurnal Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde ýokary çap usulynda neşir edildi.

Material «tdh.gov.tm» saýtynyň habarlary esasynda taýýarlanyldy.

FaLang translation system by Faboba