Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan gelen telekeçiler “Türkmenhimiýa” DK-niň öndürýän “B” kysymly karbamidini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük, pagta süýümi, pagta linti we süýümli ulýuk ýerlenildi. Olary Russiýa, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri, Singapur, Türkiýe, Niderlandlar, Gyrgyzystan we beýleki ýurtlar satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 974 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Pakistandan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler jemi bahasy 7 million 133 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 678 müň manatdan gowrak polipropileni (TNGIZT), azyklyk bugdaýy we pagta süýümini satyn aldylar.

Material «tdh.gov.tm» saýtynyň habarlary esasynda taýýarlanyldy

FaLang translation system by Faboba