24.05.2018. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda IX halkara Gaz kongresi işini tamamlady. Ol gaz pudagynda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitledi hem-de geljek üçin bilelikdäki meýilnamalaryň utgaşdyrylmagyna ýardam berdi. Ozal habar berlişi ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserni we Gollandiýanyň «KNW Holland» kompaniýasy şu ýyl geçirilen bu iri ýöriteleşdirilen forumyň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

30-dan gowrak ýurtdan hökümet guramalarynyň, nebitgaz kompaniýalarynyň, pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, esasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini goşmak bilen dört ýüzden köpräk adamy bir ýere jemläp, Türkmenistan halkara derejede pikir alşylýan merkeze öwrülen derejesini nobatdaky gezek tassyklady. Bu ýerde energiýany ibermegiň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýumlar, milli we sebit gaz ulag düzümlerini ösdürmek, ýokary hünär derejeli ussat işgärleri taýýarlamak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kongrese bildirilýän ýokary gyzyklanma köp babatda häzir dünýäde uglewodorodlaryň sarp edilişiniň düzüminde beýleki energiýa serişdelerinden tapawutlylykda “mawy ýangyjyň” udel agramynyň yzygiderli artýandygy bilen şertlenendir. Şoňa görä-de, gaz pudagynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýurdumyz bilen ýakyndan gatnaşyk etmegi ýola goýmaga ymtylýandyklary kanunalaýykdyr. Türkmenistan bolsa dünýä bazarlaryna energiýa serişdelerini iberiji iri ýurtlaryň arasynda geljegi uly hyzmatdaşlaryň biri hökmünde özüni ynamly tanatdy.

24.05.2018. Paýtagtymyzda “Ak şäherim Aşgabat” atly XVII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Sergi häzirki Türkmenistanda şähergurluşyk, binagärlik hem-de şäher düzümini döretmek ulgamynda gazanylan üstünlikleri, toplanan iş tejribesini hem-de geljegini görkezýär.

Gözden geçirilişi guraýjylar — Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy gurluşykdan başlap, elektrik energiýasyna, gaýtadan işleýän we ýerli senagata, bezege hem-de şäher durmuşyny abadanlaşdyrmaga çenli özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin gyzyklanma döredýän zatlaryň giň gerimini hödürleýärler.

Şeýle çemeleşmäniň esasy ugurlarynyň biri dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek hem-de ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasion ösüşe ugur almakdan ybaratdyr. Hut şu esasy ýörelge bu serginiň häsiýetini kesgitledi. Onuň işine ýurdumyzyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň kärhanalarynyň, şeýle hem Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Gazagystandan, Koreýadan, Russiýadan we beýlekilerden iş toparlarynyň 80-den gowragynyň wekilleri gatnaşýarlar. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara forumlaryň türkmen bazaryna gelip gowuşýan önümleriň we hyzmatlaryň görnüşlerini hem-de hilini ýokarlandyrmagyň möhüm guralydygyny bellemelidiris.

Giň zallarda hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Hemme ýerde aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar, ýaşlar halk tanslaryny ýerine ýetirýärler, milli lybasly gyzlar bu ýere gelýänlere däp bolan türkmen tagamlaryny hödürleýärler.

23.05.2018. Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynda Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresi öz işine başlady. Energetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi bermek maksady bilen, ýurdumyzda däp boýunça geçirilýän iri ýöriteleşdirilen forumy “Türkmengaz” Döwlet konserni bilen Gollandiýanyň “KHB Holland” kompaniýasy bilelikde gurady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýangyç-energetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän hem-de uglewodorod serişdelerini ugratmagyň köp şahaly ulgamyny we dünýä bazarlarynda energiýa serişdeleriniň üstaşyr howpsuzlygynyň ygtybarly guralyny döretmek ugrunda çykyş edýän türkmen gazçylary ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlary we kompaniýalary özara peýdaly esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlyga çagyrýar. Ýurdumyzyň indi dokuz ýyldyr gaz pudagyndaky özara hyzmatdaşlyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň bilermenleriniň duşuşyk geçirýän ýerine öwrülmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şonda döwletara gatnaşyklaryň, maýa goýum işiniň dürli ugurlary, uglewodorod serişdelerini köpugurly esasda eksport etmek, gaz geçiriji ulgamyň milli we sebit ugruny ösdürmek boýunça pikir alyşmalar guralýar.

Şu gün Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresiniň açylyş dabarasy boldy.

HALKARA GAZ KONGRESINE GATNAŞYJYLAR!
GADYRLY DOSTLAR!

Ilki bilen siziň ähliňizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda dokuzynjy gezek geçirilýän halkara Gaz kongresiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, kongresiň işine bolsa üstünlik arzuw edýärin.

Türkmenistan dünýäniň uglewodorod serişdelerine baý döwletleriň hataryna girmek bilen, özüniň bu amatly ýagdaýyny türkmen halkynyň hem-de Ýer ýüzüniň beýleki halklarynyň bähbitlerine gönükdirmäge çalyşýar. Bu babatda Türkmenistanda her ýylyň maý aýynda geçirilýän halkara Gaz kongresiniň ähmiýetiniň uludygyny bellemek isleýärin. Soňky ýyllarda Garaşsyz Watanymyzda ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleri, gazanylýan üstünlikleri belläp geçmek has-da buýsançlydyr.

HORMATLY SERGÄ GATNAŞYJYLAR!
GADYRLY MYHMANLAR!

Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XVII köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Her ýylyň 25-nji maýynyň «Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin örän guwandyryjy we buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergisini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi.

«Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XVII köpugurly halkara serginiň Aziýanyň merjen paýtagtynyň şäher gurluşygynda gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä ýaýjakdygyna berk ynanýaryn. Bu köpugurly sergi bu ugurdaky hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän taraplar üçin ýolgörkeziji bolar, şeýle hem gözel paýtagtymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, öňdebaryjy tejribeleriň giňden öwrenilmegine uly ýardam eder.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!