19.09.2018. Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan Türkme-nistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy. Däp boýunça Söwda-senagat edarasy tara-pyndan Watanymyzyň baş baýramynyň öň ýanynda guralýan nobatdaky ykdysady gözden ge-çiriliş öz ösüşiniň esasy ýoluna düşen milli ykdysadyýetimiziň haýran galdyryjy üstünlikleriniň aý-dyň subutnamasyna öwrüldi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň okgunly ösýän halk hojalyk toplu-my öňdebaryjy dünýäniň we ýurdumyzyň tejribesini öwrenmek hem-de ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasiýa ösüşine gönükdirilendir. Bu gezekki sergi hem bu baş ugry kes-gitledi, onuň işine ykdysadyýetiň döwlet böleginiň düzümleriniň, bilim we medeniýet, sport we sy-ýahatçylyk ulgamlarynyň edaralarynyň wekilleri, ýurdumyzyň telekeçileriniň kärhanalary gatnaş-dylar.

Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, milli parlamentiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzyň işewürler toparlarynyň, Türkmenistanda işleýän diploma-tik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, talyp ýaşlar, köpçü-likleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Eziz ildeşler!

Sizi Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 27 ýyl-lyk baýramyna bagyşlanan sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Türkmen döwletiniň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli geçi-rilýän bu serginiň uly üstünliklere eýe bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin!

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda mukaddes Garaş-syzlygymyzyň 27 ýyllyk baýramynyň bellenýän günlerinde guralýan bu sergide özgertme-ler ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzda ýurdumyzyň abadançylygynyň we gül-läp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alnyp barylýan giň möçberli işleriň netijesinde gazanylan üstünlikler, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň durmuş-ykdy-sady taýdan ösüşinde, milletiň ruhy-medeni galkynyşynda ýetilen sepgitler, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda ähli ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeler öz beýanyny tapýar.

06.09.2018. Şu gün Awstriýanyň paýtagtynda, “Savoýen Vienna” myhmanhanasynda Türkmen-awstriýa işewürler forumy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň uly wekiliýeti, Awstriýa Respublikasynyň döwlet düzümleriniň hem-de işewür toparlarynyň, beýleki Ýewropa döwletleriniň iri kompaniýalarynyň ençemesiniň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Jemi türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň 130-a golaýy özara bähbitleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar.
Wekiliýetimiziň agzalarynyň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýewropaly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklara, şol sanda işewürler düzümleriniň arasynda göni hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly ähmiýet berip, türkmen telekeçiligini ösdürmek üçin ähli şertleri döredýär.
Awstriýa tarapyndan Söwda-senagat edarasynyň wise-premýeri R.Şens hem-de şu düzümiň baş sekretary K.Kopf gutlag sözi bilen çykyş etdiler. Soňra Awstriýa Respublikasynyň Federal Ykdysady Palatasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bilen daşary ykdysady aragatnaşyklary boýunça sebit direktory M.Angerer hem-de Awstriýa Respublikasynyň Ýewrobrending institutynyň direktory G.Hrebiçek, Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça direktory N.Makkeýn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri bilen tanyşdyrdylar.

06.09.2018. Şu gün Söwda-senagat edarasynda iri pudaklaýyn forum öz işine başlady. Bu ýerde “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” ady bilen halkara sergi we maslahat geçirilýär.
Energetika senagatynyň işgärleriniň hünär baýramçylygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen her ýylda geçirilýän sergi ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň amala aşyrylyşyny beýan etmek bilen, ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatlyklaryny, geljekki ösüşini we bu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny äşgär etmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar.
Ýöriteleşdirilen bu forumy Energetika ministrligi bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde guradylar. Sergä gatnaşýanlaryň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy bu pudagyň ýokary sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny we daşary ýurtlaryň hem-de ýerli işewür toparlaryň bu pudakda ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga ägirt uly gyzyklanma bildirýändiklerini alamatlandyrýar.
Baý tebigy serişdelere eýe bolan hem-de “Açyk gapylar” syýasatyny işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryny ösdürýär we milli ykdysadyýetiň sazlaşykly ösýändigini äşgär edýär. Elektroenergetika pudagy ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleri üstünlikli çözmek üçin möhüm şertler hut şu pudagyň sazlaşykly ösüşi bilen utgaşýar.

HORMATLY HALKARA SERGÄ WE YLMY MASLAHATA GATNAŞYJYLAR!
GADYRLY MYHMANLAR!
EZIZ WATANDAŞLAR!

Sizi «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösdürilmegi netijesinde, halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen birlikde energetika senagatynyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin hem zerur şertler döredildi. «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna» we «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda geljekde Garaşsyz Watanymyzda elektrik energiýasynyň öndürilişi düýpli artdyrylar. Ýakyn wagtlarda obalarda, şäherçelerde we etrap merkezlerinde energiýa paýlaýjy ulgamlaryň, transformator beketleriniň durky düýpli täzelener.

HALKARA SERGISINE!!

Aşgabatda 2018-nji ýylyň 28-30-njy awgusty aralygynda «Türkmengurluşyk-2018» atly halkara sergisi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly ylmy maslahaty geçirilýär. Bu çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, «Awtoýollary» Döwlet konserni we türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär: «Türkmengurluşyk-2018» atly halkara sergisi

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!