Bir adam haryt almak üçin dükana girende diwardaky ýazga gözi düşüpdir. Diwarda:
-Awgustyň 28-ine dükan howa ýagdaýy sebäpli ýapyk bolar - diýen ýazgy bar eken.
Şol gün awgustyň 15-i eken. Şonuň üçin ol adam dükanyň eýesinden onuň ýene birnäçe günden nähili howa boljakdygyny nädip bilýändigini sorapdyr.
-Eger, biraz ýagyş ýagsa, onda men balyk tutmaga giderin. Eger güýçli çabga ýagsa, onda öýde galyp, öz enjamlarym bilen işlärin.
-Ýagyş boljakdygyny sen öňünden nädip bilýärsiň? – diýip, ol adam ýene sowal beripdir.
Dükanyň eýesi:
-Ýagyş ýagarmy, ýagmazmy onuň tapawudy ýok. Eger güneşli howa bolsa, ýa balyk tutmaga giderin, ýa-da enjamlarym bilen işlärin. Diýmek, hemme zat howa bagly bolýar – diýip, jogap beripdir.

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist.

Mekdebe ýaş mugallymlaryň ikisi gelipdir. Olaryň biri okuwçylaryna şeý diýipdir:
-Biz daga çykarys. Dünýä kynçylyklary ýeňip geçmek arkaly göz ýetireris.
Beýleki mugallym bolsa:
-Akylly daga çykmaz, diýen jümläni ýatladyp, hemme işiň ýeňil ýoluny gözläris – diýipdir.
Mugallymlaryň birinjisi öz ýörelgesine wepaly bolup, okuwçylaryny daga çykarypdyr. Olara iň kyn, gaýalyk ýerlere eltip, baryp bolmaz öýdülen belentliklere çykarypdyr. Bu ýagdaý 10 ýyl dowam edipdir.
Mugallymlaryň ikinjisi hem öz diýenini tutup, okuwçylaryny kynçylykdan gorapdyr. Ol okuwçylaryny dagyş daşyndan aýlanyp, aňsat we amatly ýerden geçmäge werziş edipdir. Bu ýagdaý hem 10 ýyl dowam edipdir.
Birinji mugallymyň okuwçylarynda daglar ýaly belent ruh kemala gelip, öwrenenlerini durmuş bilen utgaşdyrmak arkaly taplanypdyrlar. Netijede, olar köp taraply pikirlenmäge endik edipdirler.
Ikinji mugallymyň okuwçylary bilýänlerini aňlarynda saklamak we seljermek bilen ýoluň aňsadyny gözlemäge endik edipdirler. Olarda birsydyrgyn hereket edip, kynçylykdan sowlup geçmek üçin her bir meseläniň dürli tarapyndan barmaga öwrenişipdirler.
Netijede, birinji mugallymyň okuwçylary uçmagy we töwerek-daşdaly hemme zady görmegi, ikinji mugallymyň okuwçylary gazmagy we diňe gözüniň öňündäkini görmegi öwrenipdirler.
Şu ýazgylary okap, haýsy mugallymyň okuwçylarynyň nähili ýoly saýlajakdyklaryna özüňiz göz ýetiren bolsaňyz gerek.

Terjime eden Maýa APBAÝEWA,
žurnalist.

Bir akyldar adamlaryň öňünde çykyş edip duran mahaly olara bir degişme gürrüň beripdir. Hemmeleriň gülmekden ýaňa gözleri ýaşarypdyr.
Ara birnäçe minut salyp, ol ýene-de ýaňky degişmäni aýdyp beripdir. Bu gezek adamlaryň käbiri ýylgyrypdyr.
Akyldar şondan soňra hälki degişmäni üçünji gezegem gaýtalapdyr. Bu gezek hiç kim gülmändir.
Akylly goja ýylgyrypdyr-da, şeýle diýipdir: “Şol bir degişmäni diňläp, oňa her gezek gülüp bilmeýärsiňiz...Onda näme üçin hemişe şol bir zat üçin gözýaş dökýärsiňiz?”

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist.

Bir gezek gije şäheriň köçeleri bilen barýarkam, eli çyraly batyl adam gördüm.

Oňa: “Eliň çyraly näme edýärsiň? Sen batyl. Barybir göreňok ahyryn?” diýip ýüzlendim.

Ol bolsa: “Men çyrany öz ýolumy görmek üçin göteremok. Ähli köçeleri ýatdan bilýärin. Ýöne meni görenler öz ýollaryny saýgarsynlar diýip, bu çyrany göterip barýaryn” diýip, jogap beripdir.

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist.

Bir habarçy ekýän mekgejöwenleriniň hili boýunça ähli bäsleşiklerde ýylyň-ýylyna ýeňiş gazanýan mülkdardan ýokary hasylynyň syryny paýlaşmagy haýyş edipdir.

Ol iň gowy mekgejöwen başlaryny goňşularyna paýlaýandygyny aýdýar.

—Siziň bilen deň hatarda ähli bäsleşige gatnaşyp, size basdaşlyk edýän goňşularyňyza näme üçin iň gowy mekgejöwen başlaryny paýlaýarsyňyz?.

—Görýäşizmi...?» diýip, mülkdar ýylgyrypdyr.

—Şemal meniň mellegimden tozgajyklary goňşymyka äkidýär, goňşymyň mellegindenem bärik alyp gelýär. Eger goňşymyň hasylynyň hili pes bolsa, onda basym meniň ekinimiň hem hasyly pese düşer. Her kimiň öz ekinine ideg edişi, bu eýýäm başga mesele. Şeýle ýagdaý adamlaryň durmuşynda-da bolup geçýär. Kimiň üstünlige ýetesi gelse, ol hökman daş-töweregindäki adamlaryň hem üstünlige ýetmegi üçin alada etmelidir. Sebäbi seň daş-töweregiňdäki adamlar nähili gowy durmuşda ýaşasalar, seniň özüňe-de gowy täsir edýär. Biz bu dünýäde birek-birek bilen özara baglanyşykda ýaşaýarys.

Terjime eden Maýa Apbaýewa

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!