Bir gezek mugallym okuwçylardan soraýar:

– Pürsüň üstünde üç sany gurbaga otyr. Olaryň biri suwa bökmek kararyna gelýär. Pürsüň üstünde näçe gurbaga galdy?

– Üç ─ diýip okuwçylaryň biri ynamsyzlyk bilen jogap berýär.

– Elbetde, üç gurbaga – diýip mugallym ýylgyrýar. Gurbaga diňe bökmek kararyna geldi, ýöne munuň üçin hiçhili hereket etmedi. Hiç haçan karar bilen hereketi garyşdyrmaň. Käwagt siz eýýäm böken ýaly bolýarsyňyz, ýöne aslynda siz henizem pürsüň üstünde otyrsyňyz.

Terjime eden Maýa Apbaýewa

Örän parasatly bir garry adam öz dostuna şeýle diýipdir:

─ Biziň oturan otagymyzyň içine seret-de ondaky goňur reňkli zatlary ýadyňda saklamaga çalyş.

Otagyň içinde goňur reňkli zatlar kändi. Garrynyň dosty bu işiň hötdesinden derrew geldi.

Ýöne dana hytaýly oňa başga sowal berdi:

─ Indi bolsa, gözüňi ýum-da otagyň içindäki gök reňkli zatlary sanap ber.

─ Dosty aljyrap hem ynjalykdan gaçyp:

─ Men hiç hili gök reňkli zatlara gabat gelmedim. Onsoňam, men seň görkezmäň boýunça diňe goňur zatlary ýatda sakladym ahyry ─ diýipdir.

Dana kişi oňa şeýle jogap beripdir:

─ Eger sen otagda diňe goňur reňkli zatlary, durmuşda bolsa, erbetligi gözleýän bolsaň, onda sen diňe şony görersiň, diňe şony ýatda saklarsyň. Ýatda sakla: eger sen erbetligi gözleýän bolsaň, sen ony hökman taparsyň we hiç haçan gowulygy görmersiň.

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist

Bu dürli ykdysady derejeli we güýçli dini däpli köpmilletli işjeň dünýädir. Şonuň üçin arap ýurtlarynda işewür zenanlara, şeýle hem biznesmenleriň maşgalalaryna egin-eşik babatynda olaryň talaplaryny çynlakaý ýerine ýetirmek zerur bolup durýar. Bu esasan hem Eýran, Yrak, Liwiýa, Päkistan, Siriýa, Saud Arabystany, Iordaniýa we Azerbaýjan, Täjigistan ýaly ýurtlara degişlidir.


Duşuşyklary Remezan aýynda we juma gününde meýilleşdirmäň.

Alkogolly içgiler gadagandyr. Oňa derek size hemişe we hemme ýerde berk we hoşboý ysly kofe hödür ederler.

Doňuz etli tagamlary buýurmaň we soramaň, bu göwnedegijidir.

Aýakgabyňyzyň dabany görünmesin, bu gelşiksiz bolar.

Üç dana kişi agajyň kölegesinde oturyp, süýji söhbete gümra bolupdyr.

Olar ynsana geçmişiň, häzirki wagtyň hem-de geljegiň haýsy biriniň has zerurdygy barada jedel edipdirler.

Olaryň biri:

─ Geçmişim meniň kimdigimi aýan edýär. Men geçmişde öwrenen zadymy edip bilýärin. Maňa öň kim bilen gowy bolan bolsa şolar ýa şolara meňzeşler ýaraýar ─ diýipdir.

─ Munuň bilen ylalaşmak mümkin däl─ diýip, beýleki biri söze başlapdyr:

─ Adamy onuň geljegi adam edýär. Meniň bilýänim ýa başarýanym zerur däl. Men geljekde özümden talap ediljek zady öwrenerin. Häzir edýän hereketim meniň öň nähili bolanlygyma däl-de, indi nähili boljakdygyma bagly. Maňa öňden tanaýanlaryma meňzemeýän adamlar ýaraýar.

─ Siz bütinleý bir zady ünsden düşürdiňiz ─ diýip üçünji kişi gürrüňe goşulýar:

─ Geçmiş we geljek biziň diňe pikirlerimizde ýaşaýar. Geçmiş eýýäm ýok. Geljek heniz gelenok. Siziň geçmişiňizi ýatlap, geljegiňiz hakda arzuw etmegiňize garamazdan, siz diňe häzirki wagta görä hereket edýärsiňiz.

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist

Fransiýada ilki-ilkiler ýeralmany halamandyrlar. Ýönekeý usul bilen bu ýagdaýyň öňüni alypdyrlar. Týurgo familiýaly ministr ýeralmaly meýdanlaryň daşyna sakçy goýmagy buýrupdyr. Adamlar: "Goraýarlar, diýmek gymmatlydyr" diýip pikir edipdir.

Golliwudy satmagyň taryhy. Harweý Wilkons atly ýer eýesi Günorta Kaliforniýadaky ýerlerini aýalynyň ugurtapyjylygy bolmasa asla-da satyp bilmezdi. Onuň aýaly satyljak ýerleri Golliwud (keramatly ýer) diýip atlandyrypdyr. Şondan soňra olaryň satlyk ýerlerine sanlyja günde hyrydar tapylypdyr.

Disneý reňkli plýonkalaryň näderejede artykmaçlyk berjekdigine ilkinji bolup göz ýetiripdir. Şeýlelikde, bu ugurtapyjy adam şol döwürde reňkli plýonkalary çykarýan we olary satmak hukugyna eýelik edýän öndüriji bilen köpýyllyk şertnama baglaşypdyr. Bu bolsa oňa multfilm öndürýän ýeke-täk şereketiň eýesi bolmaga mümkinçilik beripdir.

HALKARA SERGISINE!!

Aşgabatda 2018-nji ýylyň 28-30-njy awgusty aralygynda «Türkmengurluşyk-2018» atly halkara sergisi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly ylmy maslahaty geçirilýär. Bu çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, «Awtoýollary» Döwlet konserni we türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär: «Türkmengurluşyk-2018» atly halkara sergisi

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!