Ýaponiýada aragatnaşyk gullugy poçta hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, ýagny hatlary, gazet-žurnallary eltmek üçin sürüjisiz ulaglary ulanmagy synagdan geçirip başlady.
“Toyota Estima” kysymly ulagyň poçta hyzmatlaryna ýöriteleşdirilip gurnalan nusgasyny Tokionyň köçelerinde her günde 2 kilometr aralyga özbaşdak hereket etdirýärler.
Tokionyň demir ýol menzili bilen paýtagtyň poçta bölüminiň aralygyndaky gatnawlaryň üstünlikli tamamlanjakdygyna ynanylýar.
Synaglaryň dowam edýän mahaly ulagyň içinde sürüji bolup, ol garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykanda jogapkärçiligi öz üstüne almaga taýýar bolup durýar.

Taýýarlan Maýa APBAÝEWA,
žurnalist.

26.04.2018. Lebap welaýatynda buýan köki köpçülikleýin ýygnalyp başlandy. Türkmenabadyň “Buýan” obasenagat toplumynyň işgärleri buýan meýdanlarynda ony senagat taýdan işleýärler.

Daşary ýurtly hünärmenleriň berýän bahasyna görä, hili we ulanylyş sypatlary babatda türkmen buýany dünýäde iň gowularynyň biridir hem-de senagatyň derman, azyk we beýleki pudaklarynda wajyp çig mal komponentleriniň biri hökmünde ulanylýar. Şonuň üçinem türkmen buýan köki, onuň ýarymfabrikatlary dünýä bazarlarynda uly isegden peýdalanýar. Häzirki wagtda “Buýan” obasenagat toplumynda öndürilýän basylan buýan köküniň, onuň goýy we gury ekstraktlarynyň aglaba bölegini Hytaý, ABŞ, Fransiýa, Hindistan we beýleki ýurtlar satyn alýarlar, süýji buýan çig maly Türkmenistanyň derman we azyk senagatynda-da giňden ulanylýar.

17.04.2018. Ýurduň aýna senagatynyň öňdebaryjy «Turkmen ayna onumleri» kärhanasy günde iki ýüz tonna tekiz aýna we kyrk tonna golaý çüýşe gaplaryny çykarmaga ukyplydyr. Şu ýylyň 14-nji fewralynda işe girizilen döwrebap önümçilik toplumy Germaniýanyň «HORN Glass Industries AG» kompaniýasynyň ýokary tehnologiýalarynyň we ýörüteleşdirilen «Glastone» (Finlýandiýa), «Buhler», «Zippe» (Germaniýa), « Lises» (Awstriýa), «Cnud» (Belgiýa), «Bottero» (Italiýa) enjamlaryň mümkinçiliklerini görkezýär. Taslamany Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň tabşyrygy boýunça Türkiýäniň «Tepe Turkmen Insaat ve Ticaret Anonim Şirkreti» potratçy kompaniýasy amala aşyrdy, ol diňe bir Owadandepede önümçilik we administratiw binalary gurman, eýsem kärhananyň işgärleri we olaryň maşgalalary üçin ýaşaýyş jaýlaryny hem-de umumy ýaşaýyş jaýlaryny, şeýle hem çagalar we sport meýdançalaryny-da gurdy.

Kärhananyň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, her ýyl awtomatlaşdyrylan we robotlaşdyrylan konweýerlerden bir million inedördül metr tekiz aýna, 100 inedördül metr garaldylan aýna, 400 müň sany aýnapaketler we çüýşe gaplaryň dürli görnüşleri- azyk we derman senagaty üçin dürli gaplaryň 15 görnüşi çykarylar. Önümleriň aglaba bölegi daşary ýurtlara ugradylar. Eýýäm aýna kombinatynyň önümleri üçin içerki bazar ýeterlik däl. Kärhana işe girizilen wagtyndan bäri geçen iki aýda bir ýarym million inedördül metrden gowrak ini 3 millimetrden 8 millimetre çenli dürli ölçegli tekiz aýna we 16 million sanydan gowrak çüýşe çykaryldy. Türkmenistanyň Senagat ministrligi harytlyk aýnanyň we çüýşe gaplaryň ähli görnüşini Döwlet haryt-çig mal biržasyna çykarýar. Eýýäm owganystanly, azerbaýjanly, özbegistanly, gazagystanly telekeçiler bilen şertnamalar baglaşyldy. Kärhana ýakyn ýurtlardaky önüm alyjylar bilen hem uzak möhletleýin söwda gatnşyklaryny ýola goýýar.

16.04.2018. Milli özgertmeler maksatnamasyna laýyklykda ýurtda şäherleriň we obalaryň gurluşygyna, ilatyň amatly we netijeli dynç almagy üçin zerur şertleriň döredilmegine uly üns berilýär.

Köneürgenç etrabynyň “Täze ýol” geňeşliginde gurulýan döwrebap täze şäherçede-de ösen durmuş-medeni we beýleki binalar ulgamy bolar. “Bagtly gadam” Hojalyk jemgyýeti 420 okuwça niýetlenen umumy orta bilim berýän täze mekdebiň iki gat jaýyny bina edýär, bu ýerde aň, beden we ruhy taýdan ösen ýaş nesli terbiýelemek üçin ähli şertler dörediler. Synp otaglary interaktiw okuwlarda işjeň ulanmak üçin zerur enjamlar we tehniki serişdeler bilen üpjün ediler. Okuwçylaryň döredijilik we beden taýdan ösmegi üçin ýörüteleşdirilen otaglar hem-de sport meýdançalary bolar.

Şeýle hem şäherçede ýüzlerçe müşderä hyzmat etmäge niýetlenen Aragatnaşyk öýi gurlar, Saglyk öýi, 160 orunlyk çagalar bagy, Medeniýet öýi, bazarly, dükanly we beýleki binaly söwda merkezi bina edilýär.

Dürli görnüşli amatly jaýlary bolan täze obada ýyladyş hojalygy, önümçilik we administratiw ähmiýetli dürli binalar gurlar, ösen ýol we inženerçilik-tehniki kommunikasiýalar ulgamy kemala getiriler.

Batyr ÖRÄÝEW (www.turkmenistan.gov.tm)

14.04.2018. Paýtagtyň “Olimpiýa” myhmanhanasynda bu jemgyýetçilik guramasynyň guramaçylyk ýygnagy boldy. Çärä IT-kompaniýalaryň wekilleri, hyzmatdaşlyk guramalary, meýletinler gatnaşdylar.

Birleşmäniň maksatlarynyň arasynda ilatyň IT ulgamynda sowatlylygyny ýokarlandyrmak, maslahatlar hyzmatlary, şeýle hem täze pikirleri goldamak ýaly ugurlar bar. Birleşmäniň maksatlaryny we wezipelerini goldaýan Türkmenistanyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň şahsy we hukuk taraplary onuň agzasy bolup bilerler.

-Häzirki wagtda maglumatlar tehnologiýalary durmuşymyza çalt ornaşýar,-diýip Birleşmäni dörediji Grigoriý Gurbanow aýdýar.-- Union of Information Technologies Development of Turkmenistan (UITDT) döretmek pikiriniň sebäbi kompaniýalaryň köpüsi IT-tehnologiýalary ulgamynda kärine ökde hünärmenleri saýlap almakda kynçylyklara duş gelýärler. Bizde tejribesi ýetik adamlar bar, biz hem bilimlerimizi ulanmak we ýaş nesliň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin döreýän mümkinçiliklerden peýdalanmak isleýäris.

Biziň meýilnamalarymyz programma üpjünçiligi babatda bilim almaga we başarnyk edinmäge ýaşlary çekmegi göz öňünde tutýar. Munuň üçin biz, şol sanda robot tehnikasy babatda mugt okuwlary açyp, soňundan olary işe ýerleşdireris. Mundan başga-da, maslahatlar hyzmatlaryny etmegi, elektron neşirleri, IT žurnallary çykarmagy, bu ugurdan gözden geçirişleri gurnamagy göz öňünde tutýarys. Hyzmatdaşlarymyzyň arasynda zähmet we bilim ulgamynda üstünlikli işleýän TSTB-niň agzasy- “Orlan” Hususy kärhanasy bar.

Zeýnep AGAMÄMMEDOWA (www.turkmenistan.gov.tm)

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!