Uly bir kompaniýanyň täzelikde işe goýlan ýaş iş dolandyryjysyny ýolbaşçylary ýanyna çagyrýar. Eýsem näme? Ol ýaňja firmanyň 10 mln dollar ýitgi çekmegine getiren şertnama baglaşypdy. Haçanda işgär öz ýalňyşyna düşünende eýýäm giçdi, pul sarp edilipdi. Ol öz ýalňyşyna düşünensoň, ýolbaşçylaryň näme diýerine garaşmazdan iş otagyna giren badyna:
─ Men öz ýalňyşyma düşünýän, siz meni işden çykarmaga hakly ─ diýýär.
─ Işden çykarmak? ─ diýip ýolbaşçy dillenýär. Soňra bolsa, şeýle diýýär:
─ Biz ýaňja seň okuwyňa 10 mln töledik, sen ýaly gymmatly işgäri elden çykarmaga biziň hakymyz ýok. Baryň işläberiň.

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist.

─ Mugallym, beýlekiler her gün täze ýumuş alýarka, siz näme üçin maňa indi ýumuş bereňzok? ─ diýip, okuwçy sorag beripdir. Mugallym:
─ Men saňa munuň jogabyny aýdaryn, ýöne entek däl. Häzir bolsa, gel bile naharlanaly ─ diýipdir. Okuwçy ajygyp duransoň derrew razylyk beripdir. Mugallym:
─ Ýöne, sen meniň öz elim bilen nahar iýdirmegime ygtyýar ber ─ diýipdir.
Muňa okuwçy geň galsa-da, mugallym beýleki okuwçylardan özüni has gowy görýändir diýip, oýlanypdyr.
Tagamy äberipdirler. Mugallym ysy janyňy alyp gelýän, süýji palawdan bir çemçe alyp, işdämenlik bilen iýmekçi bolan okuwçynyň agzyna tutupdyr. Ol lezzetden başyny ýaýkap, gözlerini ýumupdyr. Ol aşpeziň ussatlygyny taryp etmekçi bolup agzyny açan badyna ýene bir çemçe palaw agzyna dolupdyr. Ol palawy çeýnemäge başlapdyr, ýöne doly çeýnäp bolmanka nobatdaky çemçe süýji tagamdan agzy dolupdyr. Ol çalt-çaltdan iýipdir. Bir çemçäni doly iýip bolmanka, ikinji çemçe gelipdir. Ahyry okuwçy saklanyp bilmän:

Delillendirme tymsaly hakyky bolan waka esasynda dörändir. Bu waka durmuş hakykatydyr.

Geljekki matematik Jorj Dansig heniz talyp döwri şeýle wakany başyndan geçirýär. Ol okuwuna örän çynlakaý çemeleşýär. Köplenç gijäň bir wagtyna çenli işleýär. Şeýle bolansoň bir gezek professor Neýmanyň sapagyna 20 minut gijä galyp barýar.

Talyp öý işidir öýdüp, tagtadaky iki sany meseläni derrew ýazyp alýar. Meseleler örän kyndy. Olary çözmek üçin Jorja birnäçe gün gerek bolýar. Ahyry meseläni çözüp, Jorj professora getirip berýär.

Professor hiç zat diýmeýär. Ýöne birnäçe hepdeden soň daňdan sagat altyda Jorjuň öýüne kürsäp girýär. Sebäbi talyp matematikanyň ýyllarboýy çözülmän gelýän meselesiniň dogry çözgüdini tapan eken. Ol gijä galyp gelensoň öň bolan gürrüňleri bilenokdy, hiç zatdan habarsyzdy.

Ol birnäçe günüň dowamynda bir däl, birbada iki sany meseläni çözmegi başarýar. Bu meseleleriň üstünde matematikler müň ýyllaryň dowamynda kelle döwüpdiler, hatda Eýnşteýn hem şol meseleleriň çözgüdini tapmandyr.

Jorj meseleleri çözende şöhrat hakynda pikir hem etmändir. Sebäbi ol çözen meseleleriniň juda kyn işdiginden bihabardy.

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist.

Abraýly ýokary okuw mekdebi tamamlap, ajaýyp hünäriň eýeleri bolan, üstünlik gazanan uçurymlar öz garry professorlarynyň ýanyna gelipdir. Söhbetdeşligiň dowamynda iş baradaky gürrüňlere geçilipdir. Okuwçylar köpsany kynçylyklardyr durmuş meselelerinden zeýrenipdirler.
Myhmanlaryna kofe hödürlän professor aşhana gidipdir. Gelende kofe gaýnadylýan bilen mejimäni göterip gelipdir. Mejimäniň üstünde farfordan, çüýşeden, plastikden, hrustaldan ýasalan çaşkalar goýlupdyr. Olaryň bir bölegi arzan, bir bölegi gymmat eken.
Haçanda uçurymlar çaşkalary saýlanlarynda, professor şeýle diýipdir:
─ Üns beriň, ähli owadan çaşkalary saýladyňyz, diňe ýönekeý we arzanlary galdy. Iň gowy zatlary saýlamak siziň üçin adaty ýagdaý, ýöne bu siziň meseleleriňiziň çeşmesi ahbetin. Düşüniň, çaşka öz-özünden kofäni gowy etmeýär. Baryndan beter ol diňe gymmat, hatda ol biziň näme içýänimizi hem gizleýär. Hakykatda siziň bar islegiňiz diňe kofedi, çaşka däldi. Ýöne siz ýörite iň gowy çaşkalary saýladyňyz, soň bolsa, kime nähili çaşka ýetdikä diýip, siňe seretdiňiz.
Indi bolsa, pikir ediň: durmuş bu ─ kofe. Iş, pul, ýagdaý, jemgyýet ─ çaşkalar.
Bular bary-ýogy durmuşy dolandyrmagyň gurallary. Biziň haýsy çaşkanyň eýesidigimiz durmuşymyzy anyklamaýar we onuň hilini özgertmeýär. Käte biz diňe çaşka üns berip, kofäniň tagamyndan lezzet almagy unudýarys.
Iň bagtly adamlar ─ olar iň gowy zatlara ýeten adamlar däl-de, bar bolan zatlaryndan iň gowy zatlary almagy başarýan adamlardyr.

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist

Bir gartaşan hytaý zenany ýaşapdyr. Onuň iki sany ullakan küýzesi bolupdyr. Küýzeleriň hersi onuň gerdenindäki egin agajynyň bir tarapynda asylgy eken. Olaryň biriniň çat açan ýeri bolup, beýleki küýzäniň kem ýeri ýokmuş. Şonuň üçin ol mydama özüne laýyk suwy sygdyrypdyr.
Gartaň aýalyň öýi bilen derýanyň aralygyndaky uzak ýoluň ahyryna çenli hälki jaýryk küýzäniň suwy ýaryma gelýän eken.
Bu ýagdaý iki ýylyň dowamynda her gün gaýtalanypdyr. Gartaň aýal her gezek öýüne diňe bir ýarym küýze suw getiripdir.
Bitewi küýzäniň öz işinden göwni hoş bolupdyr. Jaýrykly görgüli bolsa, ýetmezçiliginden utanyp, özüniň etmeli işiniň diňe ýarsyny edip bilýändigi üçin tukatlanypdyr.
Iki ýylyň dowamynda, ýetmezçiligi bilen gulagy gandyrylan küýze gartaň aýala ýüzlenipdir:
─ Seniň öýüňe çenli bütin ýoluň dowamynda jaýrygymdan suwuň akyp gelmegi meni diýseň utandyrýar.
Aýal ýylgyryp:
─ Sen tarapdaky ýodajykda gülleriň ösüp oturşyna üns berdiňmi? Beýleki küýzäň tarapynda bolsa, gül ýokdur. Men ýetmezçiligiňi bilenim üçin seň tarapyňdaky ýodajygyň gyrasyna gülleriň tohumyny sepdim. Şeýlelikde, her gezek öýe gaýdanymyzda ýolboýy sen gülleri suwaryp gelýärsiň.
Men iki ýyl bäri gülleri ýygyp, onuň bilen saçagymyzy bezeýärin. Eger sen şeýle bolmasadyň bu gözelligi görmezdik we güller biziň öýümize bezeg bermezdi.
Biziň her birimiziň öz üýtgeşik tarapymyz we ýetmezçiligimiz bar.
Ýöne welin, durmuşymyzy gyzykly we özüneçekiji edýän aýratynlyklarymyz we jaýryklarymyzdyr.
Her kimi diňe onuň öz bolşy ýaly kabul etmeli we ondaky gowulyklary görmeli.

Terjime eden Maýa Apbaýewa

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!