Hiç zat bilmezlik erbet, bilmek islemezlik – has erbedi.
Nakyl

***
Üstünlik üstüňe gelmez...Siz onuň üstüne gitmelisiňiz.
Marwa Kollinz

***
Öz pikirlerini özgerdip bilmeýän adam, durmuşyny özgertmegi-de başarmaz.
Bernard Şou

***
Nämedir bir zada synanyşyp görmeli bolsa, synanyşyklaryň sany 10-dan az bolmasyn.
Art Linkletter

— Ser, siziň üstünligiňiziň syry nämede? – diýip, žurnalist edeni ugruna bolýan telekeçiden sorapdyr. Soň ol: “Munuň uzyn gürrüňdigini bilýän, ýöne siz gysgaça jogap beräýiň” diýip, sözüniň üstüne goşupdyr.

— Gysgaça hem aýdyp bolar… Men saňa iki sözde jogap berip bilerin.

— Bary-ýogy iki sözmi? Nähili söz olar?

— Dogry çözgütler.

— Siz dogry çözgütleri nädip gazanýarsyňyz?

— Bu ýerde bir sözem ýetik.

— Şeýlemi? Ol nähili sözkä?

— Tejribe!

— Şol tejribäni nädip gazanýarsyňyz?

Telekeçi şeýl diýipdir:

— Bary-ýogy iki söz.

— Nähili söz?

— Nädogry çözgütler.

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist

XX asyryň otuzynjy ýyllarynda ýapon kompaniýasy ABŞ-dan senagat stanogyny satyn alypdyr. Bir aýdan soň önüm öndürijilere telegramma gelip gowuşypdyr: «Stanok işlänok. Ony gurnap biljek adamy ugradyň».

Önüm öndüriji ol ýere hünärmen ýollapdyr. Ýöne Ýaponiýadan täze telegramma gelipdir: «Gurnaýjy juda ýaş. Has tejribeli birini tapyp ýollaň».

Önüm öndüriji telegramma arkaly jogap beripdir: «Iň gowusy şol hünärmeniň hyzmatyndan peýdalanyň. Sebäbi ol sizdäki stanogy oýlap tapan adam».

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist.

Agtygy atalryna görme-görşe geldi. Goja onuň ýagdaýlaryny sorap başlady. Ýöne agtygygynyň gep-gürrüň bilen seri ýokdy.

—Sen durmuşyň kynçylygyny gören adam mysaly ýadaw görünýärsiň, - diýip atasy agtygyna ýüzlendi.

—Dogry aýdýarsyň, durmuşymda entek gowulyga duşmadym, - diýip, agtyk uludan demini aldy.

—Men saňa sowgat taýýarladym. Ol seniň göwnüňi açar, diýip atasy sözüni dowam etdi: - Ýöne men ony sekreteriň (mebel) haýsy çekerinde goýandygymy ýatlap bilemok.

Gojanyň sekreteri (mebel) gadymydy we onuň çekerleri kändi.

—Mesele däl, men ony derrew taparyn, diýip, agtyjak göwnjeňlik bilen çekerleri ýeke-ýekeden açyp başlady. Aýdyşy ýaly, derrew sowgady tapdy. Onuň aşagynda bolsa ýazgy bardy: «Durmuşyň gapysy kän. Olaryň biriniň aňyrsynda seniň ykbalyň tarapyndan taýýarlanan sowgat ýatyr. Akyldarlar aýtmyşlaýyn, bir gapynyň açylmagy üçin ýedi gapyny kakmak gerek».

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist.

Sen ykbala elmydama ýylgyryp baksaň, ykbal hem saňa gülüp bakar.
***
Siz diňe bir zady tutuşlygyna dolandyryp bilersiňiz, ol hem siziň pikirleriňizdir.
***
Siz özüňizde ýok zady sowgat edip bilmersiňiz; özüňiz betbagt bolup başgalary bagtly etmek mümkin däl.
***
Hiç kim sizden üýtgeşik däl. Hiç kim sizden akylly däl. Ýöne olar bu işe sizden öň girişdiler.
***
Eger siz üstünlige ýeten adamlaryň edenini etseňiz, ahyr netijede olaryň gazanan netijesini gazanarsyňyz. Şeýdibem, üstünlige ýeten adamlaryň biri bolarsyňyz.
***
Siz özüňiz bilen bolýan ýagdaýa höküm edip bilmeýänem bolsaňyz, oňa bolan gatnaşygyňyza hökümiňizi ýöredip bilýärsiňiz. Hut şol gatnaşyklar hem wakalaryň sizimi ýa-da siziň wakalary dolandyrjakdygyňyzy kesgitlär.
***
Pikirleriňizi özgertmegi başarsaňyz, durmuşyňyzy hem özgerdersiň.

Türkmen diline terjime eden Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!