16.05.2018. Milli baýramyň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda welaýatyň obasenagat ulgamynyň kärhanalarynyň birbada ikisi işe girizildi. Mary etrabynda guşçulyk, Murgap etrabynda iri maldarçylyk toplumlary ulanmaga berildi.
Bu şanly wakalar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we Türkmenistanda öndürilýän önümleriň eksportunyň möçberini artdyrmak baradaky Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene bir möhüm ädimdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda häzirki zaman agrosenagat düzümlerini döretmäge saldamly maýa goýumlary goýulýar. Munuň özi sebitleri toplumlaýyn ösdürmäge, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge we tutuşlygyna alnanda, döwletimiziň ykdysady taýdan gülläp ösmegine, halkyň durmuş ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir.
Bu giň möçberli işe ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň wekilleri hem işjeň gatnaşýarlar. Häzirki wagtda olaryň öňünde oňat mümkinçilikler açyldy. Döwletimiziň belli maksada gönükdirilen goldawy netijesinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary oba hojalygynyň dürli pudaklarynda iri taslamalary amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri aldylar.
Mary etrabynda ýerli “Sähra gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan guşçulyk toplumy hem munuň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Bu toplumda ýylda 5 million ýumurtga we 500 tonna guş eti öndüriler. Kärhananyň çägindäki guşçulyk bölümlerinde birbada towuklaryň 132 müňüsi saklanar. Hususan-da, bu ýerde her biri ýumurtga berýän towuklaryň 50 müňüsine niýetlenen guş bölümleriniň ikisi, şeýle hem jüýjeleri ýetişdirmek üçin jaý göz öňünde tutulypdyr.

16.05.2018. Kerki etrabynyň Çekir obasynda gök we miwe önümlerini gaplaýan döwrebap zawodyň dabaraly açylyşy boldy. Onuň kuwwaty ýylda 1 million şertli bankany öndürmäge ukyplydyr.
Lebap welaýatynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täze önümçilik kärhanasynyň işe girizilmegi mynasybetli guralan dabara sebit hem-de etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular we ýaşlar, ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan işleri wasp edýän belent ruhly aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.
Çykyş edenler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladalary netijesinde ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynyň, orta we kiçi telekeçiligiň okgunly ösýändigini aýratyn bellediler. Türkmenistanda munuň üçin ähli şertler döredildi. Täze kärhananyň açylyşy munuň şeýledigini aýdyň tassyklaýar.
Gaplanan önümleri öndürýän täze zawody ýeňillikli bank karz serişdeleriniň hasabyna “Ýakyn dost” hojalyk jemgyýeti gurdy. Täze desgada döwrebap, gaýtadan işleýän önümçiligiň ähli tapgyrlary — bölümler, 100 inedördül metrden gowrak meýdany tutýan sowadyjy enjamlar, ammarlar, barlaghanalar, ýyladyjy hojalyk, dolandyryş-durmuş toplumy sazlaşykly ýerleşdirilipdir. Zawodyň abadanlaşdyrylan çäklerine bag ekilipdir.
Kärhana awtomatlaşdyrylan guýujy hem-de ýuwujy ulgamlar, iň täze barlaghana enjamlary, dolandyryşyň kompýuter ulgamy, bug gazanlary we ýangyn howpsuzlygy ulgamy bilen enjamlaşdyrylypdyr. Arassaçylyk gözegçiliginiň, işçiler üçin durmuş şertleriniň ähli düzgünleri göz öňünde tutulypdyr.

«Dünýädäki iň beýik myhmanhana Dubaýda ýerleşýär» diýip, «Khaleej Times» neşiri habar berýär.
Neşiriň ýazmagyna görä, Birleşen Arap Emirlikleriniň iri şäherleriniň biri bolan Dubaýdaky «Gevora» myhmanhanalar toplumy iň beýik bina hökmünde resmi taýdan yglan edilipdir. 75 gatdan ybarat bolan bu döwrebap myhmanhananyň beýikliginiň 365 metre deňdigini bellemelidiris.
«Gevora»-dan ozal hem iň beýik bina Dubaýyň çäginde ýerleşipdir. Iň ýokary görkeziji «JW Marriott Marquis» atly myhmanhana degişli bolup, ol 355 metre ýetipdir. Özem 72 gatdan ybarat eken.

Taýýarlan Goçmyrat ORAZBERDIÝEW, žurnalist.

«Türkmenawtoýallary» Döwlet konserniniň Gubadag etrabynda ýerleşýän asfalt zawody ýylyň başyndan bäri sarp edijilere onlarça müň tonna önüm iberdi. Kärhana Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň tabşyrygy bilen 2007-nji ýylda gurlupdy. Ilkibada sagatda 160 tonna asfalt öndürmäge niýetlenen asfalt garyjy enjam oturdylypdy. Soňra önüme islegiň artýanlygy göz öňünde tutulyp, kähanada sagatda 120 tonna asfalt öndürýän ýene bir enjamyň işe girizilmegi sebitde ýol gurluşygynyň depginini güýçlendirmäge mümkinçilik berdi.

Kärhanada ýylda ýüzlerçe müň tonna ýokary hilli asfalt öndürilýär. Önümiň esasy bölegi Aşgabat-- Garagum – Daşoguz ýolunyň, şeýle hem demirgazyk sebitiň köp ugurly ýollaryny abatlamaga we täze ýollary gurmaga niýetlenendir.

Batyr ÖRÄÝEW (www.turkmenistan.gov.tm)

03.05.2018. Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze önüm- aýratyn üýtgeşik sypatly maýyşgak polipropilen plýonka çykarmaga taýýarlanylýar. Iki görnüşli – açyk reňkli bir gat we soekstruzion pleýonka öndürýän enjam gurmak barada Indoneziýanyň «P.T.Istana karang Laut» kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy. Häzirki wagtda işe goýbeiş-sazlaýyş işleri alnyp barylýar. Iýun aýynyň ahyrynda önüm çykarylyp başlanar.

Täze enjam zawodyň hünärmenlerine TNGIZT-de öndürilen polipropilenden alynýan önümleriň görnüşini artdyrmaga mümkinçilik berer. Ýylda ýerli çig maldan dürli görnüşli we dürli zatlara niýetlenen, şol sanda azyk önümlerini we senagat harytlaryny gaplamaga niýetlenen pleýonkanyň 20 müň tonnadan gowragy taýýarlanylar.

Ony işläp taýaýrlamak tehnologiýasy öndürilýän pleýonkany keseligine iki tarapa çekmekden ybaratdyr. Şeýle usulda taýýarlanylýan plýonka başgaça molekulýar düzümli bolanlygy sebäpli şy kysmy polimer pleýonkalardan has berkligi we pes dykyzlygy bilen tapawutlanýar. Täze önümiň galyňlygy deň bolsa-da, has ýeňilligi netijesinde ony ulanmak has haýyrlydyr. Azyk önümlerini gaplamakdan başga-da, propilen pleýonkalar dokma senagatynda we bir gezek ulanylýan lukmançylyk serişdelerini gaplamakda ulanylýar. Soekstruzion pleýonka howa geçirmeýän syklygy we her hili şekil berip bolýanlygy bilen tapawutlanýar. Poliamidiň ýörüte gatlagy bolsa ony doňdurylýan harytlar üçin wakum we has berk gap hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär. Gatlak arasyndaky pleýonka pozulmaýan möhür basyp bolýar.

Wladimir KOMAROW (www.turkmenistan.gov.tm)

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!