Özbaşyna höwürtgesi bolmadyk bilbil başga tokaýa göçmek isläpdir. Bu tokaýda öňden ýaşap ýören guşlaryň her bir zada öz garaýyşlary bar ekeni, basym olar muny kowup çykarypdyrlar. Gumaksy ýoluň gyrasynda bikarar halyny görüp, başga bir bilbil näme üçin beýle gaýgy-gama batyp oturandygynyň sebäbini sorapdyr.
─ Men beýleki guşlaryň arasynda höwürtge ýasanmak isledim ─ diýip, bilbil arzyny aýdypdyr. ─ Ýöne olar meniň üstüme toparlanyşyp eňdiler-de ýerli-ýerden çokjalap, tokaýdan kowup çykardylar.
─ Belki, sen olaryň öňünde öwünensiň? ─ diýip, beýleki bilbil çaklapdyr. ─ Menem bir gezek agaç gözläp ýörşüme seň günüňe düşdüm. Ol tokaýyň ähli guşlary üýşüp, meň näme edýänimi, näme üçin saýraýanymy soradylar.
─ Hawa, şol guşlar menem şeýtdiler ─ diýip, birinji bilbil dillenipdir.
─ Ýeri, sen olara näme diýdiň?
─ Men: «Saýramasam oňup bilmeýärin, şoň üçinem saýraýaryn» diýdim.
─ Hawa, onsoň näme boldy?
─ Ýaňky aýdyşym ýaly olar üstüme topuldular.
─ Hä-ä, ine, seniň ýalňyşyň hem şunda-da. Olar özüňe erk edip bilmeýänsiň, belki-de aklyňdan azaşansyň diýip pikir edendirler. Özüňi şeýdip alyp barmagyň, olaryň saňa topulmagyna sebäp bolandyr. Olar haçanda menden soranlarynda: «Men size saýrap lezzet bermäge çalyşýaryn» diýdim. Saýramagyň bu maksady bilen olar ylalaşmagy başarmalydylar.

Terjime eden Maýa APBAÝEWA, žurnalist.

BAE-niň syýahatçylyk gözellikleriniň üsti ýene-de bir arhitektura täsinligi bilen ýetirildi. Dubaýda «The Guardian» gazetiniň atlandyryşyna görä, «Ýer ýüzünde iň uly surat çarçuwasy» atly resmi taýdan üýtgeşik muzeý açyldy.
«Zabil» seýilgähinde gurlan «Dubai Frame» ─ «Dubaý çarçuwasynyň» boýy 150 metr, ini bolsa, 93 metre deňdir.
Binanyň iki diňini meýdany 100 inedördül bolan köpri birikdirýär. Binanyň bir tarapyndan haşamly myhmanhanalar, beýik binalar, gökdiränler, Emirligiň diňleri we Burj Halyf ýaly şäheriň döwrebap bölegine ajaýyp görnüş açylýar. Beýleki tarapyndan bolsa, arap dünýäsiniň nusgawy dünýäsiniň köne etraplary bolan Deýra, Umm-Harara we Karama görünýär.
«Çarçuwanyň» esasyny düzýän muzeý eksponatlary tomaşaçylary Dubaýyň balykçylyk obalaryndan başlap dünýäniň işewürlik we medeni merkezine çenli tapgyrlaýyn geçen ýoly bilen tanyşdyrýar.
«Dubaý çarçuwasyna» her ýylda 2 million syýahatçynyň gelmegine garaşylýar.

Materialy “www.orient.tm” saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Goçmyrat ORAZBERDIÝEW, žurnalist.

Bir geň häsiýetli adam ýaşapdyr, agaçdaky almalar onuň eline öz-özünden gaçýan ekeni. Ol alma agaçlarynyň deňinden geçip barýarka, elini uzatsa hökman alma gaçypdyr. Özem ol haýsy almany islese, şol hem onuň eline gelipdir. Hemmeler geň galyp, munuň sebäbini bilmäge çalşypdyr. Ol bolsa:
─ Men islemegi oňarýan, almalaryň elime gelmegini isleýän, ol hem gelýär ─ diýer ekeni. Beýlekiler hem isläpdir. Ýöne olaryň ellerine asla alma gelmändir.
─ Diýmek, siz dogry islemegi başaraňzok ─ diýip, ol jogap beripdir. Elini uzatsa, alma onuň göni aýasyna düşüpdir. Adamlar geň galyp, gözlerini petredipdirler. Olar näçe dyrjaşsalar-da islegleri başa barmansoň janlary ýanypdyr. Şondan soň hälki adam nädip dogry islemelidigini dabaralandyrypdyr. Ýöne bu siziň ýüküňizi ýeňletmez diýip, ol adamlara öňünden duýdurypdyr.
─ Hany, aýdyň siz nähili isleýäňiz?
─ Aý, ine alma biziňem elimize gaçsa gowy bolardy diýip pikir edýäs. Günä iş edemzok, diňe ýagşylyk isleýäs. Beýleki zatlary hem edil bize öwredilişi ýaly ýerine ýetirýäs ─ diýşip, adamlaryň ählisi diýen ýaly deň gygyryşypdyrlar.
─ Barymy şu? Ine, men bolsa şunuň ýaly isleýän ─ diýip, ýaňky adam ýüpdür ýaýjyklary, basma ilikleri, nurbatly çüýjagazlary çykaryşdyryp, haýsydyr bir guralyň gurluşyny düşündirip başlapdyr. Ol:
─ Guraly alma birikdirip, öz wagtynda alma agajynyň ýanyna gelmeli we ýaýjyga basaýmaly, bolany. Adamlar:
─Bu ynsapsyzlyk ─ diýşipdirler.
─ Ol nähili? Men isledim we meniň islegim amala aşýar.

Taýýarlan Maýa Apbaýewa, žurnalist.

Bir bagda kedr agajy ösýän ekeni. Ol ýylba-ýyldan berdaşlanyp, hemmelerden uzyn we görkli bolup ýetişipdir. Onuň ajaýyp pürleri beýleki agaçlara haýbat bilen abanyp, olaryň üstüne goýry kölegesini salypdyr. Her näçe pajarlap ösüp, ýokary çekildigiçe, onuň şonça-da ulumsylygy artypdyr. Bir gezek ol ýokardan hemmelere äsgermezlik bilen seredipdir-de höküm edijilik bilen:
─ Bu gözgyny pyntyk agajynyň gümüni çekiň ─ diýip, gygyrypdyr. Agaç köki bilen çapylyp aýrylypdyr.
─ Meni bu ýaramaz injir agajyndan goňşy bolmakdan dyndaryň, ol bolgusyz görnüşi bilen meniň ýüregime düşýär ─ diýip, indiki gezek ynjyk kedr agajy buýruk beripdir. Injir hem pyntygyň gününe düşüpdir. Özünden göwnühoş, şahalaryny ulumsylyk bilen yralaýan gopbam agaç hiç hili köşeşmändir:
─ Meniň daş-töweregimi garran almadyr armyt agaçlaryndan arassalaň! Bu agaçlar hem oduna öwrülipdir.
Şeýdip ynjalyksyz kedr biri-biriniň yzyndan ähli agaçlaryň ýoguna ýanypdyr. Bagyň doly ygtyýarly hojaýyny bolupdyr. Öňki bagy-bossanlykdan diňe töňňeler galypdyr. Emma bir gezek güýçli harasat gopupdyr. Ulumsy kedr berk köklerine daýanyp, ýerden ýapyşypdyr we bar güýji bilen oňa garşylyk görkezipdir. Ýel bolsa öz ýolunda beýleki agaçlara duşmansoň, hiç hili garşylyksyz ýeke-ýalňyz owadan agaja okdurylypdyr. Ony rehimsizlik bilen döwüp, ýykyp aşak egipdir. Ahyrsoňy tapdan düşen kedr gazaply urgulara çydaman şatyrdap gaýdypdyr-da ýer bilen ýegsan bolupdyr.

Terjime eden Maýa APBAÝEWA, žurnalist.

“Samsung” kompaniýasy “akylly eşigi” öndürmek üçin ygtyýarnama almak bilen nobatdaky gezek dünýäni haýran galdyrdy. Ygtyýarnamada beýan edilişi ýaly, “akylly eşik” energiýany ony geýen adamyň bedeninden we hereketinden alar.
Gadžetleriň eýeleri öz smartfonlaryny jübülerine salyp, işleri bilen gümra bolup bilerler. Onuň hereketlerinden we bedeniniň ýylylygyndan alynýan energiýa smartfony generirlär.
Ygtyýarnamanyň ýanyndaky diagrammada onuň işleýşi barada düşünje berilýär. Şondan çen tutsaň, geljekde ony dürli eşiklerde, hatda başgapda, ellikde we köwüşde hem ulanyp bolar.
“Samsung” kompaniýasynyň hödürleýän işläp düzmeleri ozalkylardan üzül-kesil tapawutlanýar. Mundan ozal eşikde akkumulýator goýup, gadžetlere şondan energiýa aldyrýardylar. Bu bolsa ilki şol akkumulýatory energiýa bilen üpjün etmelidigini aňladýardy. “Samsung” bolsa eşigi geýen adamyň beden ýylylygyndan we hereketinden energiýa öndürmegi maksat edinýär.
Bilermenler entek diňe işläp-düzmeleriň amala aşyrylandygyny aýdýarlar. Onuň geljeginiň nähili boljakdygyna hiç kim kepil geçip bilenok. Ýöne “Samsung” kompaniýasynyň hünärmenleri “akylly eşikleri” durmuşa ornaşdyrmagyň has bähbitli ýoluny agtarýandyklary öwgä mynasypdyr.

Materialy “www.orient.tm” saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!