Durmuş her minutda täsinligi we baky juwanlygy özüne siňdirýär.
Kamýu A.

Wagt – bu salgym kysmy bir zatdyr. Ol bagtly mahalyň gysgalýar, hasratly çagyň uzaýar.
Oldington R.

Diňe wagt biziň ygtyýarymyzdadyr.
Seneka.

Wagta boýun bolmasak bolmaz.
Lukan.

Bagtyýar adamlar sagada seretmeýärler.
Griboýedow A.S.

Ortatap adam wagty çaltrak geçirmegiň aladasy bilen ýaşaýar. Zehinli kişiler ony netijeli ulanmaga çalyşýarlar.
Şopengauer A.

Wagt hemme zady alyp gidýär.
Wergiliý.

Terjime eden Miwe NABATOWA.

«Aşgabatgurluşyk» önümçilik birleşigi şu ýyl otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan üç we dört otagly iki gatly kottejleriň kyrka golaýyny bina eder. Olary gurmak üçin Çoganlydan ýer bölünip berildi. Bu ýerde, Atamyrat Nyýazow şaýolunyň demirgazyk-günbatarynda Aşgabat şäher häkimliginiň gurluşyk guramalary Büzmeýin etrabynyň jaýgurluşyk kombinatynda taýýarlanan demir-beton panellerden eýýäm öýleriň 230-sini gurdular. Täze jaýlar tapgyry otaglarynyň oýlanşykly ýerleşişi bilen tapawutlanýar. Öýler inženerçilik kommunikasiýalaryna, telefon ulgamyna we IP – telewideniýä birleşdiriler.

2017-nji ýylda paýtagtymyzda oňaýly kottejleriň 800-den gowragy ulanylmaga berildi. Paýtagty gurmagyň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan gurluşyk kompaniýalary şäheriň günorta-günbatar böleginde, şeýle hem Çoganlyda kottej görnüşli jaýlaryň 500-den gowragyny bina etdiler.

Ýokary amatlykly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan köpgatly jaýlar bilen bilelikde kottej görnüşli jaýlaryň gurluşygy raýatlara jaýy öz islegine görä saýlap almagyna mümkinçilik berer.

Wladimir KOMAROW (www.turkmenistan.gov.tm)

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýerleşýän «Dana Dünýä» hususy kärhanasy gaýtadan işlenilýän çig maldan gurluşyk serişdeleriniň önümçilgini artdyrýar. Telekeçiler taşlanan plastikden, awtoulag şinalaryndan we beýleki zatlardan gurluşykda ulanylýan önümleriň birnäçe görnüşiniň: kompozit ýanýoda plitkalarynyň iki görnüşiniň, polimer-çägeden gurluşyk bloklarynyň, binalaryň daşyna goýulýan plitkalaryň we üçeklik serişdeleriniň önümçiligini özleşdirdiler. Mundan başga-da, kärhanada taşlanylan awtoulag şinalaryny gaýtadan işlemekden alynýan owradylan rezinden gyzgyn basyş arkaly çagalar oýun we sport meýdançalarynyň örtügini taýýarlaýarlar.

Çäge, tutuşdyryjy polimer, reňk berijiler we önümiň hilini gowulandyryjy suwuklyk ýanýoda plitkalaryny hem-de gurluşyk bloklaryny öndürmekde ualnylýan serişdelrdir. Ýokary basyşda eýlenen şeýle serişdäniň ulanylyş möhleti ýüz ýyldan-da geçýär. Ýokary ulanylyş sypatlary bolan berkligi, sürtülmä we döwülmäge, howanyň dürli derejede üýtgemegine we güýçli himiki reagentlere aşa durnuklylygy ýurduň gurluşyk bazarynda ony has islegli haryda öwürdi. Gaýtadan işlenilen çig maldan ýasalýan gurluşyk bloklarynyň ýene bir aýratynlygy—olaryň sement ergini ulanylmazdan ýörüte ildirgiç arkaly seplenilýänligidir. Şeýle bloklary göteriji konstruksiýalarda-da ulansa bolýar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polipropilen örtügini ön-dürýän täze kärhananyň işe girizilmegi ýurdumyzy batly depginler bilen senagatlaşdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ugrunyň üs-tünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Dabara hökümet agzalary, nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, şeýle hem nebithimiýaçylaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlary gatnaşdylar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň çäginde ir ertirden baý-ramçylyk ýagdaýy höküm sürdi. Ähli ýerde aýdym-sazlaryň owazy belentden ýaňlanyp, baýdaklar parlaýar, dürli reňkli şarlar uçuryldy. Deňizýaka ülkäniň artistleri dürli öwüşginli çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Dabara gatnaşyjylar çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatyny berkitmäge berýän uly ünsi üçin çuň-ňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Ýygnananlaryň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýöredýän işjeň maýa goýum syýasaty, Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzyň içinde hem-de daşary döwletlerde isleg bildirilýän dürli nebit we gazhimiýa önümlerini ön-dürýän innowasion tehnologiýalarynyň esasynda täze önümçilikleriň döredilmegine aýratyn üns bermegi netijesinde, häzir pudagyň kärhanalaryny tehniki hem-de tehnologik taýdan enjamlaşdyrmagyň wezipeleri üstünlikli çözülýär.

Daşoguzda hereket edýän örtgi plitalaryny öndürýän kiçi kärhana ýol we ýoda plitkalarynyň giň görnüşini, şeýle hem beýleki önümleri öndürmegi özleşdirdi. Telekeçi Azat Sabyryowyň ýolbaşçylyk edýän hususy kärhanasy mermer kimin berk örtgi serişdeleriniň täze görnüşlerini öndürýär. Kärhananyň hünärmenleri Russiýanyň СИСТРОМ ylmy- önümçilik kärhanasynyň patentleşdirilen tehnologiýasy boýunça betondan emeli mermer öndürýärler.

Daşoguzly ussatlar müşderilere dürli görnüşli, olçegli we reňkli ýol hem-de ýoda plitkalarynyň ýedi görnüşini teklip edýärler. Mundan başga-da, kärhanada binalaryň daşky we içki diwarlary, daş peçler, ýadygärlikler, pola ýazmaga, penjire öňüler, basgançaklar, şeýle hem agaç sütünjikler, güldanlar, beýleki bezeg elementleri we kiçi görnüşli binalar üçin plitkalary ýasamaga tabşyryk berip bolýar. Kärhanada ýol jähekleri, lagym gapaklary, kafel we beýleki önümleriň önümçiligi özleşdirilen. Bularyň bary sementden, çägeden, ýelimden we duzlardan arassalanan suwdan termiki taýdan işlenilmän we üstüni goşmaça ýalpyldatman, ploimer goşundylar ulanman öndürilýär.

Önüm gurluşyk serişdeleri bazarynda islegli we girdejili haryt , çünki onuň önümçiliginde ulanylýan çig mal gymmat däl, taýýarlamak üçin elektrik energiýasy köp harçlanmaýar. Daşoguzly ussatlar owadan, amatly we arzan bezeg serişdeleriniň önümçiligni giňeltmegi göz öňünde tutýarlar.

Wladimir KOMAROW (www.turkmenistan.gov.tm)

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!