«Ak durna» hususy kärhanasy her gün Daşoguzyň söwda nokatlaryna ýüzlerçe kilogram täze balyk ugradýar. Kepiriň, akmarkanyň, çapagyň we beýleki balyklaryň alyjysy ýetik. Şu ýyl «Ak durna» sebitde balyk ýetişdirmeklige we tutmaklyga ýörüteleşdirilen iň uly hususy kärhana boldy, bu bolsa bäsleşik esasynda ozalky «Daşoguzbalyk» döwlet kärhanasyny hususylaşdyrmagynyň oňyn netijesidir.

Kärhananyň täze eýelerine edara jaýy, kakadyjy we sowadyjy sehli senagat zolagy, motorly gaýyklaryň onlarçasy ýetdi. Täze edinen emlägini S.A.Nyýazow adyndaky etrapda ýerleşýän bäş gektarlyk howdan hojalygy bilen birleşdirip, kärhananyň täze eýeleri diňe bir önümçiligiň ugruny saklap galman, eýsem onuň mümkinçiligini has-da ýokarlandyrdylar. Indi «Ak durnanyň» Sarygamyş kölünde on bäş adamdan ybarat balyk tutýan topary bar. HK geljekde balygy wakuum usulda gaplamak üçin gerekli enjam satyn almagy we oturtmagy göz öňünde tutýar.

Ýurdumyzda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmak boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnama şahsy haryt öndürijilere gaýtadan işleýän kuwwatlyklary artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Döwlet eýeçiligndäki kärhanalary hususylaşdyrmagyň şowly mysaly hökmünde Daşoguzyň ozalky baş ýag-süýt zawodynyň binýadynda «Ýüpek ýoly gurluşyk» Hojalyk Jemgyýetiniň döreden ýurdumyza belli süýt önümlerini öndürýän «Şawat» APJ-ni görkezmek bolar.

www.turkmenistan.gov.tm

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda gurulýan zawodda ýylda 150 müň tonna şeker çykarylar, onuň gurluşygyny “Hyzmatdaşlar” AGPJ alyp barýar. Onuň potratçysy “Nusaý ýollary” hususy kärhanasydyr. Bahasy 200 million manatdan gowrak taslama “Senagat” PTB-nyň ýeňillikli karzynyň we kompaniýanyň öz serişdeleriniň hasabyna gurulýar. Paýdarlar indiki ýyl şüýji tagam öndürýän kuwwatlyklary özleşdirmegi göz öňünde tutýarlar. AGPJ-niň baş direktory Hudaýberdi Hangeldiewiň aýtmagyna görä, önümçiligiň göz öňünde tutulan möçberi ýylda daşary ýurtlara onlarça müň tonna taýýar önümi eksport etmäge mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda Serdar etrabyndaky gurluşyk meýdançasynda edara jaýy, çig mal we taýýar önüm ammarlary, mehaniki ussahana, polipropilen haltalaryny öndürýän seh ýaly binalaryň birnäçesi guruldy. Esasy önümçilik binasynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Ýakyn wagtda bu ýerde Ýewropanyň Germaniýa, Çehiýa, Belarus, Ukraina ýaly ýurtlarynda ýerleşýän öndebaryjy kompaniýalaryndan alnan tehnologik enjamlar oturdylyp başlanar. Tehnologik bug çykarmak üçin kärhanada ÝEM gurulýar, onda sebit gaz geçirijisinden akýan arzan tebigy ýangyç ulanylar.

Iň täze tehnologiýalar we enjamlar önümçilik tapgyrlarynyň ikisinde daşary ýurtlardan satyn alynýan çig mal we ýerli hojalyklarda ýetişdirilýän gant şugundyry gaýtadan işlener, sebitde bu gök önümi ýetişdirmek üçin üç müň gektardan gowrak ýer bölünip berildi.

www.turkmenistan.gov.tm

Türkmen maşgalalarynyň köpüsinde häzirem goýun we düýe ýüňünden elde dokalan örtgüler hem-de ýorgançalar islegli zatlardyr. Diňe bir arassa ýüň däl, eýsem enelerimiziň eli bilen tüýden we saýan ýüňüne siňen mähriniň yssysy seni ýyladýan ýaly bolup dur. Ýokary tehnologiýalar eýýamy bolan häzirki döwürde oňaýly we ekologiýa taýdan arassa önümler döwrebap enjamlarda taýýarlanylýar.

Ýurdumyzyň dokma senagatynyň ösüşi hususy haryt öndürijileri eksporta gönükdirilen önümleriň görnüşlerini artdyrmaga höweslendirýär. Muňa mysal hökmünde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary-- telekeçi doganlar Röwşen we Döwran Begmämmedowlaryň goýun ýüňünden dürli önümleri çykarmaga ýörüteleşdirilen kärhanasyny görkezmek bolar. Bilşimiz ýaly, ýylda iki gyrkylýan goýun ýüňi ýurdumyzda ýeterlik harytdyr.

Şu ýyl Ahal welaýatynyň senagat zolagynda gurlup, işe girizilen hususy zawod ýylda bir müň tonna önüm çykarmaga niýetlenen. Kärhanada daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýörüteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edilen sehleriň ikisi bar. Olaryň birinde içerki bazarda uly ilsegli haly ýüplükleri, beýlekisinde bolsa, örtgüler we ýorgançalar çykarylýar. Örtgüler we ýorgançalr üçin ýagşy işlenen we ýuwulan ýüň ulanylýar.

«Ýedidogan» kompaniýasynyň zawodynda işe göýberilen awtomatlaşdyrlan liniýada sagatda on üç müň kagyz paket çykarylýar. Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän kärhana ýokary hilli kagyz gap önümleri öndürýär. Germaniýanyň Gartemann & Hollmann firmasynyň awtomatlaşdyrylan doly tapgyrdaky yzygiderli liniýasy aýda iki milliona golaý önüm çykarmaga mümkinçilik berýär. Olar bir, iki we üç gatly açyk haltalardyr. Ürgün azyk önümleri, gurluşyk materiallary, oba hojalyk dökünleri üçin gapakly ýapyk haltalara isleg hasam uly.

Müşderiniň talaplaryna laýyklykda bu ýerde ýokarsy ak gatlakly, gatlak arasy ýa-da içi polietilen içlikli mikrokrepirlenen kagyz önümleri, çyglyk geçirmeýän gatlakly laminirlenen we bitumlanan haltalar öndürilýär. Aşa berkligi bilen tapawutlanýan kraft-haltalar ekologiiýa taýdan arassa, aňsat utilizirlenýän gapdyr.

Biz oňaýly we uniwersal material bolan kagyzy dänelerden başlap gurluşyk materiallaryna çenli dürli harytlary gaplamakda gerekli paketleri we sumkalary çykarmakda ulanmakçy. Kagyz paketleriň özüne düşýän gymmaty arzan bolansoň olara haryt gaplamak önümiň nyrhyna üýtgeşik täsir etmez- diýip telekeçi Döwran Abdyresulow gürrüň berýär.

www.turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Mawy Asman” Hojalyk jemgyýeti tebigy komponentlerden kir ýuwulýan sodalary çykarýar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bugdaýly daýhan birleşiginde gurlan sehde telekeçiler kuwwatlylygy sagatda 1,5 tonna kir ýuwulýan soda çykarýan enjam oturtdylar. Önümçilik tehologiýasy gurak we suwuk tebigy çig mal ulanylýan utgaşdyrylan usuldan hem-de garyndylary taýýarlamak we guratmak ýaly iki iş tapgyryndan ybaratdyr.

Ýurdumyzda öndürilýän tebigy kir sabyny ýokary işjeň madda hökmünde ulanylýar. Adam saglygyna we daşky gurşawa howply täsiri bolmadyk goşundy hökmünde suw ýumşadyjylar, absorbentler, agardyjylar, enzimler we ys berijiler ulanylýar. Goşundylar matanyň düzümine zeper ýetirmezden sodanyň tegmil aýryjy sypatlaryny ýokarlandyrýar. Önümiň görnüşine görä olaryň goşulmaly görnülerine we möçberine kompýuter programmasy gözegçilik edýär.

Häzirki wagtda ak we reňkli, ýüpek hem-de ýüň önümleri ýuwýan el we maşyn sodalary çykarmak özleşdirildi. Indiki ýyl “Mawy Asman” belgili önümiň hataryna çaga eşikleri üçin gipoallergen soda goşular.

Durmuşda ulanylýan bu serişdäniň ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün etmek üçin ýerli telekeçiler fosfatlary we düzüminde hlor bolan maddalary ulanmakdan ýüz öwürdiler. Olaryň önümi daşary ýurtlardan getirilýän şu kysmy önümlerden 30-40 göterim arzandyr. Kompaniýanyň logotipi goýlan kir ýuwulýan sodalar ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisiniň söwda nokatlaryna ugradylýar.

Wladimir Komarow (www.turkmenistan.gov.tm)

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!