Jaý gurulýardy. Ussa gurluşykçylaryň işleýşine syn etmäge barýar.
-Sen näme edýärsiň?-diýip, işçileriň birinden soraýar.
-Men üçek goýýaryn.
-A sen näme edýärsiň? –diýip indiki işçiden soraýar.
-Men penjire goýýaryn!
-Men mebelleri gurýaryn!
-Men diwary suwaýaryn! – diýip, gurluşykçylar geň galmak bilen jogap berýärler. Olar halypa biziň näme edýänimizi görmeýärmikä diýip pikirlenýärler.
Diňe bir oglanjyk:
-Men jaý gurýaryn diýip jogap beripdir.
***
Hemişe hemmetaraplaýyn, giňişleýin pikirlenmek bilen edýän işiň düýp maksadyna düşünjek bol!

Terjime eden Maýa Apbaýewa.

1. Ynsanyň durmuşyndaky iň uly duşman onuň özi.

2. Ynsanyň durmuşyndaky iň uly günä –ýalançylyk.

3. Ynsanyň durmuşyndaky iň uly ýeňlişi – ulumsylyk.

4. Ynsanyň durmuşyndaky iň uly ýalňyşy – özüňi ýitirmek.

5. Ynsanyň durmuşyndaky iň uly ýazyk – gadyr bilmezlik.

6. Ynsanyň durmuşyndaky iň uly üstünligi – ýykylaňsoň aýaga galyp bilmek.

7. Ynsanyň durmuşyndaky iň uly ýitgi – umydyňy ýitirmek.

8. Ynsanyň durmuşynda gazanjak iň uly zady – saglyk we paýhas.

9. Ynsanyň durmuşyndaky ýetmezçiligi – düşünişmezlik.

10. Ynsanyň durmuşyndaky iň uly teselli – haýyrly işler.

Terjime eden Maýa Apbaýewa.

Bir gezek ataly-ogul daga gidipdir. Daşa urlan ogul:
─A-a-a-a-a ─ diýip, gygyrypdyr.
─A-a-a-a-a!
Bu sese geň galan oglanjyk:
─ Sen kim? ─ diýip, sorapdyr.
─ Sen kim? ─ diýip, oňa jogap berlipdir. Bu jogaba gaty gahary gelen oglanjyk:
─ Gorkak! ─ diýip, gygyrypdyr.
─ Gorkak! ─ diýip, jogap berlipdir.
Oglan kakasyna: «Näme bolup geçýär» diýip, sowal beripdir. Kakasy ýylgyrypdyr-da: «Meni ünslüje diňle» diýipdir. Ol:

Gadym zamanlarda bir tokaýda iki sany agaç ösüpdir. Haçan-da birinji agajyň ýapraklaryna ýagyş damjalary damanda ýa-da onuň köküni suw ýuwup geçende, ol azajyk içipdir-de: «Eger men özüme köp suw alsam beýlekilere näme galar» diýip, pikir edipdir.
Ikinji agaç bolsa tebigatyň özüne eçilen ähli suwuny alypdyr. Güneş ýagtylyk we ýylylyk berende ikinji agaç onuň altynsow şöhlelerine suwa düşüp, lezzet alypdyr. Birinji agaç bolsa Günden azajyk paý alypdyr.
Ýyllar geçipdir. Birinji agajyň şahalarydyr ýapraklary şeýlebir kiçijik ekeni welin, olar ýagyş damjalaryny hem özüne siňdirip bilmändir. Günüň şöhleleri beýleki agaşlaryň depesindäki pürlerden ýaňa onuň ujypsyzja miwelerine aralaşyp bilmändir.
«Men bütin ömrüme beýlekileriň aladasyny etdim, onuň deregine hiç zat almadym» ─ diýip, agaç gaýtalapdyr.
Onuň ýanynda biziň tymsalymyzyň ikinji gahrymany ─ owadan şahalary bol we uly-uly miweler bilen bezelen agaç ösüpdir.
«Bu durmuşda maňa hemme zat bereniň üçin saňa şükür edýärin, Taňrym! Ýyllaryň geçmegi bilen men seniň eçilişiň ýaly beýlekilere ýüz esse köp beresim gelýär. Men şahalarym bilen müňlerçe ýolagçyny ýakyp barýan Günden ýa-da ýagyş-ýagmyrdan goraýaryn. Meniň miwelerim öz tagamy bilen ençeme adamzat neslini begendirer. Maňa muny ─ sylag bermek mümkinçiligini döredeniň üçin, şükürler bolsun!». Ine, ikinji agaç şeýle diýipdir.

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist.

Bir gezek gatyr düýä arzyny aýdypdyr:
─ Näme üçindir men ýolda kän ýykylýan. Umuman, maňa ýöremek gaty kyn düşýär. Men ýöremän, edil ýolundan azaşan jahankeşde kimin samrap barýaryn. Nähili oňaýly ýol bolsa-da barybyr agyp düşýärin-de kellämi gaty ýere urýaryn. Sen nädip hiç haçan ýykylaňok, hä, düýe?!
─ Ilki bilen men senden görgür, uzaklary nazarlaýaryn ─ diýip, düýe söze başlapdyr:
─ Men saňa garanda bu dünýä has belentden seredýän. Geçidiň başlanýan, ýapgydyň bolsa, soňlanýan ýerini ilki görýärin. Şonuň üçinem meniň ähli ýolum açyk, aýak basjak ýerimi bilýärin. Sen menden tapawutlylykda edil guşlar ýaly diňe goltugyň aşagyndakyny görüp bilýärsiň. Guşlar şeýle: ýagny iki ädim öň ýanlaryndaky iýme gözleri düşýär emma, şol iýmiň daşynda gurlan çirtmegi görmeýärler.

Terjime eden Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!