Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Mawy Asman” Hojalyk jemgyýeti tebigy komponentlerden kir ýuwulýan sodalary çykarýar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bugdaýly daýhan birleşiginde gurlan sehde telekeçiler kuwwatlylygy sagatda 1,5 tonna kir ýuwulýan soda çykarýan enjam oturtdylar. Önümçilik tehologiýasy gurak we suwuk tebigy çig mal ulanylýan utgaşdyrylan usuldan hem-de garyndylary taýýarlamak we guratmak ýaly iki iş tapgyryndan ybaratdyr.

Ýurdumyzda öndürilýän tebigy kir sabyny ýokary işjeň madda hökmünde ulanylýar. Adam saglygyna we daşky gurşawa howply täsiri bolmadyk goşundy hökmünde suw ýumşadyjylar, absorbentler, agardyjylar, enzimler we ys berijiler ulanylýar. Goşundylar matanyň düzümine zeper ýetirmezden sodanyň tegmil aýryjy sypatlaryny ýokarlandyrýar. Önümiň görnüşine görä olaryň goşulmaly görnülerine we möçberine kompýuter programmasy gözegçilik edýär.

Häzirki wagtda ak we reňkli, ýüpek hem-de ýüň önümleri ýuwýan el we maşyn sodalary çykarmak özleşdirildi. Indiki ýyl “Mawy Asman” belgili önümiň hataryna çaga eşikleri üçin gipoallergen soda goşular.

Durmuşda ulanylýan bu serişdäniň ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün etmek üçin ýerli telekeçiler fosfatlary we düzüminde hlor bolan maddalary ulanmakdan ýüz öwürdiler. Olaryň önümi daşary ýurtlardan getirilýän şu kysmy önümlerden 30-40 göterim arzandyr. Kompaniýanyň logotipi goýlan kir ýuwulýan sodalar ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisiniň söwda nokatlaryna ugradylýar.

Wladimir Komarow (www.turkmenistan.gov.tm)

«Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda çüýşe çykarýan seh gurlar. Onuň göz öňünde tutulýan kuwwatlylygy gije-gündiziň dowamynda ýüz tonnadan gowrak önüm öndürmäge niýetlenendir. Täze kärhanada on milligramdan üç litre çenli dürli ölçegdäki azyk we derman senagaty üçin eksporta gönükdirilen önümleriň dürli görnüşlerini çykarylar.

Şu ýylyň 14-nji fewralynda işe girizilen döwrebap önümçilik toplumy Germaniýanyň «HORN Glass Industries AG» kompaniýasynyň we «Tepe Turkmen Inşaat ve Ticaret Anonim Şirketi» türk potratçysynyň bina eden senagat läheňiniň gurluşygynda ulanylan ýokary tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini görkezýär. Her gün awtomatlaşdyrylan we robotlaşdyrylan konweýerlerden iki ýüz tonna golaý list aýna we kyrk tonnadan gowrak çüýşe önümleri çykarylýar. Häzirki wagtda bu ýerde öndürilýän önümleriň ähli görnüşleri Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna çykarylýar. Kärhananyň önümlerine isleg yzygiderli artýar. Täze seh harytlaryň görnüşlerini köpeltmäge we içerki hem-de daşarky bazarlarda söwdanyň möçberini artdyrmaga ýardam eder. Täze sehiň gurluşygyna bäsleşik yglan edildi.

Wladimir Komarow (www.turkmenistan.gov.tm)

20.11.2018. Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýerleşýän «Lälezar Zaman» hususy kärhanasynda çykarylýan önümleriň görnüşleri köpelýär. Poliwinilhloridden gurluşyk serişdelerini öndürýän belli kärhanada şu ýyl Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän polipropilenden gap-çanak çykarýan seh açyldy.

HK bir gezek ulanylýan sagraklary gatykdyr aýran we et önümleri üçin gaplary, polipropilen pleýonka öndürýär. Häzirki wagtda telekeçiler Gyýanlydaky täze polimer zawodynda öndürilen polipropileniň synag tapgyryndan önüm çykarmagy özleşdirýärler.

2012-nji ýylda döredilen «Lälezar Zaman» hususy kärhanasyndaky ýokary tehnologiýaly enjamlarda her gün 20 müň golaý çenli ýokary hilli bezeglik serişdeleri öndürilýär. Kärhanada daşary ýurtlarda tejribe öwrenen hünärmenler işleýärler.

Häzirki wagtda kärhanada poliwinilhloridden asma profilleriň 400-den gowrak görnüşi, asma potoloklar üçin plastik yşýapgyçlar, 2 we 3 zolakly karnizler hem-de dürli ölçegli kabel kanallary öndürilýär.

«Lälezar Zaman» hususy kärhanasynyň önümleri diňe bir içerki bazarda belli bolman, eýsem Azerbaýjana, Owganystana, Gazagystana, Özbegistana, Türkiýä hem iberilýär.

Wladimir KOMAROW (www.turkmenistan.gov.tm)

«Akdaş miwe içgileri» kärhanasy tarapyndan öndürilýän alkogolsyz içgileriň hataryna “Lipton” söwda markaly sowuk çaý goşuldy. Içgi iki sany görnüşde taýýarlanylýar – malina we şetdaly tagamly gara çaý.
Önümçiligiň kuwwaty – sagatda 45 müň 0,5 – litrlik plastik çüýşeleri.
Täze ýyla greýpfrut we limon tagamly gök «Lipton Ice» önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.
«Akdaş miwe içgileri» HK 150-den gowrak ýurtlarda ýaýradylýan «Lipton» täjirçilik markasyna degişli bolan «Unilever» kompaniýasynyň Türkmenistandaky ýeke-täk paýlaýjysy bolup durýar.

www.tstb.gov.tm

Sebitleri ösdürmek we gök- miwe önümleriniň önümçiligini artdyrmak maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýyladyşhana toplumy guruldy. 5,4 müň inedördül neýdanda welaýat merkeziniň ilaty üçin iki ýüz tonna golaý pomidor we beýleki gök önümleri ýetişdirmek göz öňünde tutulýar. TSTB-niň agzasy, telekeçi Toýly Goýunlyýew gurluşygyň iş tabşyryjysydyr.
Gök önümleri ýetişdirmäge niýetlenen desgalar polikarbonat bölekleri bilen örtülen galwanirlenen metaldan ýygnaldy, ol şularyň aýna kysmysyndan ýeňildir we berkdir. Ýyladyşhanalar howanyň öňaýly derejesini, ýagtylygyny, çyglylygyny we topraga ýokumly maddalaryň berilmegini üpjün edýän ýörüte enjam bilen enjamlaşdyrylan. Ösümlikler ýagyş kysmy we damjalaýyn usulda suwarylýar. Ýyladyşhana ýelejiredilmeli bolanda onuň üçegi awtomatik usulda açylýar. Önümçilik desgalarynyň gapdalynda edara jaýy we işgärler dem-dynç alar ýaly bina, suwaryş suwy saklanýan rezerwuar we beýleki düzümleýin desgalar bina edildi.
Ýyladyşhanada gök önümleri ýetişdirmegiň döwrebap tehnologiýalarynyň ulanylmagy onuň hasyllylygyny we hilini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Wladimi KOMAROW (www.turkmenistan.gov.tm)

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!