Iri aýakgap kompaniýasy Afrika öz satyjysyny iş saparyna ugradypdyr. Bir hepde geçenden soň ýaňky satyjy öz ýolbaşçylaryna şeýle mazmunly hat ugradypdyr: “Meni bärden alyp gidiň, bärde aýakgap bazaryna zerurlyk ýok, hemmeler aýakýalaňaç gezýär!”.
Biraz wagt geçenden soňra kompaniýa ýene-de bir synag geçirmegi makul bilip, başga bir işgäri Afrika ugradypdyr.
“Bu ullakan üstünlik! ─ diýip, ikinji işgär şatlyk bilen habar beripdir: “Näme bar bolsa ugradyň, bazar çäksiz, bärde hemmeler diýen ýaly aýakýalaňaç gezýär”.

NETIJE: Hiç bir zat öz-özünden gowy ýa-da erbet bolmaýar. Olara biziň gatnaşygymyz täsir edýär.

Terjime eden Maýa Apbaýewa

Bir gezek şägirt şeýle diýdi:

— Halypa şeýle bir ýagdaý ýüze çykdy, ýagny men täze kärhanamy kim bilen esaslandyrmaly: çagalykdan bäri tanaýan dostum bilenmi ýa-da iki ýyldan bäri işlerimi üstünlikli alyp barýan hyzmatdaşym bilenmi?!

— Kärhanaňdan nämä garaşýaň? Eger sen üstünlige garaşýan bolsaň, onda hyzmatdaşyňy saýla, eger işiňden lezzet almak isleýän bolsaň, onda dostuňy saýla ─ diýip, halypasy jogap beripdir.

Şeýlelikde, halypany şu aýtgyny aýdan hasaplaýarlar: “Dostlugyň arkasyndan esaslandyrylan biznese görä, biznesiň üsti bilen gazanylan dostluk has berkdir”. Häzirki döwürde bu sözler biznes äleminde örän ýörgünlidir.

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!