Uzak ýyllaryň dowamynda «Tefal» markaly sajlaryň teflon örtükli bolanlygy üçin bir gram ýagy hem yrýa etmän tagam taýýarlap bolýandygyny onuň artkymaçlygy hökmünde öňe sürdüler. Emma onuň örtüginiň başga aýratynlygynyň bardygy ýüze çykypdyr. Sebäbi «Tefal» kompaniýasynyň öndürýän saçlaryny aňsatlyk bilen ýuwup arassalap bolýan eken. Şondan soňra bu şereket öz mahabatlarynyň mazmunyny üýtgedip, olaryň aňsatlyk bilen tämizlenýändigine ünsi çekip başlapdyrlar.
***
«Tefal» - halkara söwda markasy bolup, olar durmuşda ulanylýan enjamlary we gap-gaçlary öndürýärler. «Tefal» kompaniýasyny 1968-nji ýylda «Groupe SEB» şereketi öz garamagyna geçirýär. Ady agzalan şereketiň «Rowenta» we «Moulinex» brendlerine-de eýelik edendigini ýatladýarys.
1954-nji ýylda fransuz inženeri Mark Greguar alýumine politetraftopetilen goýmagyň usulyny tapypdyr. Şeýlelikde, aşhana sajynyň tagamlary ýakmaýan görnüşi oýlanyp tapylýar. Şondan 2 ýyl soňra, ýagny 1956-njy ýylda bolsa Fransiýanyň Sarsel şäherinde «Tefal» kompaniýasy esaslandyrylýar.

Materialy «www. tefal.com» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Geljek öz arzuwlaryna ynanýanlaryň ygtyýaryndadyr.
***
Her bir adam synagdan geçdi, bu bolsa ony taplady.
***
Sen bakylyk bardyr diýip pikir edýärsiň, emma bu beýle däl.
***
Üstünlik seniň üstüňe gelmez. Sen oňa tarap gitjeksiň.
***
Öz pikirlerini özgerdip bilmeýän adam, durmuşyny-da özgerdip bilmez.
***
Her bir işde iň möhümi başlamak. Ýatdan çykarmaň: häzire çenli hiç kim diňe meýilleşdirmek bilen üstünlik gazanyp görmedi.
***
Üstünligiň syry ýalňyşmazlykda däldir, şol bir säwligi iki gezek gaýtalamazlykdadyr.

Terjime eden Miwe NABATOWA, žurnalist

Durmuş her minutda täsinligi we baky juwanlygy özüne siňdirýär.
Kamýu A.

Wagt – bu salgym kysmy bir zatdyr. Ol bagtly mahalyň gysgalýar, hasratly çagyň uzaýar.
Oldington R.

Diňe wagt biziň ygtyýarymyzdadyr.
Seneka.

Wagta boýun bolmasak bolmaz.
Lukan.

Bagtyýar adamlar sagada seretmeýärler.
Griboýedow A.S.

Ortatap adam wagty çaltrak geçirmegiň aladasy bilen ýaşaýar. Zehinli kişiler ony netijeli ulanmaga çalyşýarlar.
Şopengauer A.

Wagt hemme zady alyp gidýär.
Wergiliý.

Terjime eden Miwe NABATOWA.

«Aşgabatgurluşyk» önümçilik birleşigi şu ýyl otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan üç we dört otagly iki gatly kottejleriň kyrka golaýyny bina eder. Olary gurmak üçin Çoganlydan ýer bölünip berildi. Bu ýerde, Atamyrat Nyýazow şaýolunyň demirgazyk-günbatarynda Aşgabat şäher häkimliginiň gurluşyk guramalary Büzmeýin etrabynyň jaýgurluşyk kombinatynda taýýarlanan demir-beton panellerden eýýäm öýleriň 230-sini gurdular. Täze jaýlar tapgyry otaglarynyň oýlanşykly ýerleşişi bilen tapawutlanýar. Öýler inženerçilik kommunikasiýalaryna, telefon ulgamyna we IP – telewideniýä birleşdiriler.

2017-nji ýylda paýtagtymyzda oňaýly kottejleriň 800-den gowragy ulanylmaga berildi. Paýtagty gurmagyň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan gurluşyk kompaniýalary şäheriň günorta-günbatar böleginde, şeýle hem Çoganlyda kottej görnüşli jaýlaryň 500-den gowragyny bina etdiler.

Ýokary amatlykly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan köpgatly jaýlar bilen bilelikde kottej görnüşli jaýlaryň gurluşygy raýatlara jaýy öz islegine görä saýlap almagyna mümkinçilik berer.

Wladimir KOMAROW (www.turkmenistan.gov.tm)

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýerleşýän «Dana Dünýä» hususy kärhanasy gaýtadan işlenilýän çig maldan gurluşyk serişdeleriniň önümçilgini artdyrýar. Telekeçiler taşlanan plastikden, awtoulag şinalaryndan we beýleki zatlardan gurluşykda ulanylýan önümleriň birnäçe görnüşiniň: kompozit ýanýoda plitkalarynyň iki görnüşiniň, polimer-çägeden gurluşyk bloklarynyň, binalaryň daşyna goýulýan plitkalaryň we üçeklik serişdeleriniň önümçiligini özleşdirdiler. Mundan başga-da, kärhanada taşlanylan awtoulag şinalaryny gaýtadan işlemekden alynýan owradylan rezinden gyzgyn basyş arkaly çagalar oýun we sport meýdançalarynyň örtügini taýýarlaýarlar.

Çäge, tutuşdyryjy polimer, reňk berijiler we önümiň hilini gowulandyryjy suwuklyk ýanýoda plitkalaryny hem-de gurluşyk bloklaryny öndürmekde ualnylýan serişdelrdir. Ýokary basyşda eýlenen şeýle serişdäniň ulanylyş möhleti ýüz ýyldan-da geçýär. Ýokary ulanylyş sypatlary bolan berkligi, sürtülmä we döwülmäge, howanyň dürli derejede üýtgemegine we güýçli himiki reagentlere aşa durnuklylygy ýurduň gurluşyk bazarynda ony has islegli haryda öwürdi. Gaýtadan işlenilen çig maldan ýasalýan gurluşyk bloklarynyň ýene bir aýratynlygy—olaryň sement ergini ulanylmazdan ýörüte ildirgiç arkaly seplenilýänligidir. Şeýle bloklary göteriji konstruksiýalarda-da ulansa bolýar.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!