Bir ýylyň gadryny biljek bolsaňyz, gije-gündiz ýatman okan talyp bilen pikir alşyň.

Bir aýyň gadryny biljek bolsaňyz, perzendini 9 aýlap göterýän eneleri gürlediň.

Bir hepdäniň gadryny hepdelik neşiriň redaktoryndan soraň.

Bir sagadyň gadryny biljek bolsaňyz, duşuşyga garaşýan aşyk-magşugyň pikirini soraň.

Bir minutyň gadryny biljek bolsaňyz, otla gijä galan adam bilen gürleşip görüň.

Bir sekundyň gadryny biljek bolsaňyz, awtomobil heläkçiligine uçramakdan halas bolan adam bilen söhbet ediň.

Bir millisekundyň gadryny Olimpiýa oýunlarynda kümüş medal gazanan türgenden oňat biljek ýokdur.

Nanosekundyň gadryny kompýuter taslamasy bilen iş salyşýan hünärmen biler.

Ömrüňiziň her bir sekundy altyna barabardyr.

Düýn – eýýäm taryh boldy. Ertir – entek gelmedik zadyň nämedigini aýtmak kyn.

Şu gün – ine, bu bize berlen peşgeş. Şonuň üçin ol häzirki wagt diýlip atlandyrylýar.

Terjime eden Maýa Apbaýewa.

SAÝLAMAK SAŇA BAGLY
Bahana:
-Bu işi ýerine ýetirmek mümkin däl – diýdi.
Tejribe:
-Bu işi etjek bolmak akylsyzlyk – diýdi.
Buýsanç:
-Ondan hiç hili netije bolmaz – diýdi.
Arzuw:
-Synanyşyp bir gör diýip – pyşyrdady.

SÖÝGI WE DOSTLUK
Bir gezek Söýgi bilen Dostluk duşuşypdyr.
Söýgi sorapdyr:
-Jahanda meniň bar ýerimde saňa zerurlyk ýok.
Dostluk oňa şeýle jogap beripdir:
-Men seniň gözýaş goýan ýeriňde ýylgyryş galdyrmak üçin gerek.

Gämi heläkçiliginden halas bolan ýeke-täk adamy tolkun kiçijik bir ýaşalmaýan ada zyňypdyr. Ol howsala düşüp, özüni halas etmegi Biribardan diläpdir. Her gün kömek etmäge golaýlap gelýän zadyň gözleginde gözýetime gözüni dikipdir. Surnukmakdan ýaňa ahyry tebigy hadysalardan goranmak hem-de barja emlägini saklamak üçin özüne ýüzüp ýören pürlerden kiçiräk çatma gurupdyr. Bir gün iýmit gözleginden dolanyp gelse kepbesiniň ot-ýalnyň içindedigini görüpdir, tütün bolsa, al-asmana göterilipdir. Iň esasy zat bolsa barja-ýokja zady hem ýanyp, küle öwrülipdir. Ol gaýgy-gama batyp, gahar-gazaba münüpdir.
─ Eý, Hudaý, sen meni nä güne saldyň! ─ diýip, gygyryp aglapdyr.
Ertesi gün irden ony kenara golaýlap gelýän gäminiň sesi oýarypdyr. Gämi ony halas etmäge gelipdir.
─ Meniň bärdedigimi siz nädip bildiňiz? ─ diýip, ýadaw adam öz halasgärlerinden sorapdyr. Olar bolsa:
─ Biz seniň tüsse bilen eden yşaratyňy gördük ─ diýip jogap beripdirler.

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist.

─ Men haýsydyr bir edara baryp, täze müşderi bolmak maksady bilen onuň ýolbaşçysy bilen duşuşjak bolsam, kätip meni goýbermeýär. Hatda ol meniň gelenligimi hem habar bermeýär. Maňa kätipden nähili ýol bilen geçmelidigini öwretsene ─ diýip, bir gezek okuwçy mugallymyna ýüzlenýär.
─ Geçmek? ─ diýip, mugallym, ýylgyrýar ─ gowy söz...
Ol okuwçylary özi bilen uly bir zala getirýär. Olaryň ýarsyny keseligine zynjyr ýaly edip biri-biriniň elinden tutduryp goýýar. Beýlekilere bolsa mugallym şeýle ýumuş tabşyrýar: zalyň beýleki bölegine geçmeli. Okuwçylaryň birnäçesi päsgelçiligi güýç bilen bozmak isleýär, emma garşysyndakylaryň hem güýçleri olardan asgyn däldi. Hatda kiçiräk dawa hem turýar. Emma güýç bilen zalyň beýleki bölegine geçmek hiç birine başartmaýar. Indi okuwçylaryň beýleki bölegi «zynjyryň» golaýyna gelýär. Ýüzlerini-gözlerini gorkunç edip, garşydaşlarynyň eginlerinden aňryk seredip gygyryşýarlar. Olaryň käbirine garşydaşynyň gorkanlygyndan peýdalanyp, aňryk geçmegem başardýar. Üçinji bölek gelip, «päsgelçiligi» elleri bilen gyjyklap başlaýar. Şeýlelikde olara garşylygyň hötdesinden gelmek başardýar. Okuwçylaryň dördünji bölegi ne güýç, ne mekirlik, ne-de gyjyklamak ulanýar.

Jaý gurulýardy. Ussa gurluşykçylaryň işleýşine syn etmäge barýar.
-Sen näme edýärsiň?-diýip, işçileriň birinden soraýar.
-Men üçek goýýaryn.
-A sen näme edýärsiň? –diýip indiki işçiden soraýar.
-Men penjire goýýaryn!
-Men mebelleri gurýaryn!
-Men diwary suwaýaryn! – diýip, gurluşykçylar geň galmak bilen jogap berýärler. Olar halypa biziň näme edýänimizi görmeýärmikä diýip pikirlenýärler.
Diňe bir oglanjyk:
-Men jaý gurýaryn diýip jogap beripdir.
***
Hemişe hemmetaraplaýyn, giňişleýin pikirlenmek bilen edýän işiň düýp maksadyna düşünjek bol!

Terjime eden Maýa Apbaýewa.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!