Fransiýada ilki-ilkiler ýeralmany halamandyrlar. Ýönekeý usul bilen bu ýagdaýyň öňüni alypdyrlar. Týurgo familiýaly ministr ýeralmaly meýdanlaryň daşyna sakçy goýmagy buýrupdyr. Adamlar: "Goraýarlar, diýmek gymmatlydyr" diýip pikir edipdir.

Golliwudy satmagyň taryhy. Harweý Wilkons atly ýer eýesi Günorta Kaliforniýadaky ýerlerini aýalynyň ugurtapyjylygy bolmasa asla-da satyp bilmezdi. Onuň aýaly satyljak ýerleri Golliwud (keramatly ýer) diýip atlandyrypdyr. Şondan soňra olaryň satlyk ýerlerine sanlyja günde hyrydar tapylypdyr.

Disneý reňkli plýonkalaryň näderejede artykmaçlyk berjekdigine ilkinji bolup göz ýetiripdir. Şeýlelikde, bu ugurtapyjy adam şol döwürde reňkli plýonkalary çykarýan we olary satmak hukugyna eýelik edýän öndüriji bilen köpýyllyk şertnama baglaşypdyr. Bu bolsa oňa multfilm öndürýän ýeke-täk şereketiň eýesi bolmaga mümkinçilik beripdir.

Iri aýakgap kompaniýasy Afrika öz satyjysyny iş saparyna ugradypdyr. Bir hepde geçenden soň ýaňky satyjy öz ýolbaşçylaryna şeýle mazmunly hat ugradypdyr: “Meni bärden alyp gidiň, bärde aýakgap bazaryna zerurlyk ýok, hemmeler aýakýalaňaç gezýär!”.
Biraz wagt geçenden soňra kompaniýa ýene-de bir synag geçirmegi makul bilip, başga bir işgäri Afrika ugradypdyr.
“Bu ullakan üstünlik! ─ diýip, ikinji işgär şatlyk bilen habar beripdir: “Näme bar bolsa ugradyň, bazar çäksiz, bärde hemmeler diýen ýaly aýakýalaňaç gezýär”.

NETIJE: Hiç bir zat öz-özünden gowy ýa-da erbet bolmaýar. Olara biziň gatnaşygymyz täsir edýär.

Terjime eden Maýa Apbaýewa

Bir gezek şägirt şeýle diýdi:

— Halypa şeýle bir ýagdaý ýüze çykdy, ýagny men täze kärhanamy kim bilen esaslandyrmaly: çagalykdan bäri tanaýan dostum bilenmi ýa-da iki ýyldan bäri işlerimi üstünlikli alyp barýan hyzmatdaşym bilenmi?!

— Kärhanaňdan nämä garaşýaň? Eger sen üstünlige garaşýan bolsaň, onda hyzmatdaşyňy saýla, eger işiňden lezzet almak isleýän bolsaň, onda dostuňy saýla ─ diýip, halypasy jogap beripdir.

Şeýlelikde, halypany şu aýtgyny aýdan hasaplaýarlar: “Dostlugyň arkasyndan esaslandyrylan biznese görä, biznesiň üsti bilen gazanylan dostluk has berkdir”. Häzirki döwürde bu sözler biznes äleminde örän ýörgünlidir.

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!