Bir it gezip ýörkä, özara ýaryşýan sugunlary görüpdir.
Ol uzak oýlanmazdan olara goşulypdyr. Ýöne sugunlar oňa per bermändirler. Sugunlaryň yzyna eýerip bilmedik itiň olara gözi gidipdir. Olaryň başarnygynyň syryny öwrenmek islän it ruhdan düşmändir. Ol özüni dürsäp, sugunlaryň ekabyryna ýüzlenipdir:
-Siziň ylgaýşyňyz maňa diýseň ýaraýar. Şonuň üçin size goşuldym. Emma yzyňyzdan ýetip bilmedim. Munuň syry nämede? Maňa hem özüňiz ýaly ýyndam bolmagy öwredermisiňiz?
Itiň bu sözlerine sugunyň göwni hoş bolupdyr. Ýöne ol ite kömek etmegiň hiç bir ýoluny tapyp bilmändir. Ol uzak wagt oýlanypdyr. Birdenem gözi itiň guýrugyna düşüpdir.
-Seniň näme üçin çalt ylgap bilmeýänligiň sebäbini indi bildim. Saňa guýrugyň päsgel berýär. Eger guýrugyň bolmasady, onda senem biz ýaly ýyndam bolardyň – diýip, sugun oňa maslahat beripdir.
It onuň sözlerine ynanypdyr-da, agyry-ynja döz gelip guýrugyny ýolup taşlapdyr. Ýöne ol guýruksyz mahalam şol bolşuny saklapdyr. Barybir sugunlaryň yzyna eýerip bilmändir. Şu ýerde ol başgalaryň aýdýanyna köre-körlük bilen ynansaň, itlerdenem yza galjakdygyňa, sugunlara hem eýermejekdigiňe göz ýetiripdir.
***
Işewürlikde üstünlik gazanmak üçin diňe öz güýçli taraplaryňa bil baglamaly. Kimdir birine meňzejek bolmak akyllylygyň alamaty däl. Her kimiň öz mümkinçilikleri we öz ýoly bar. Muňa düşünmeýän kompaniýalar kimdir birini gaýtalamak isleseler, şol bir wagtyň özünde birnäçe ugur boýunça işlejek bolsalar hiç haçanam pudagyň öňdebaryjysy bolup bilmezler.

Terjime eden Maýa APBAÝEWA, žurnalist.

Bir gezek okuwçy mugallymyna sowal beripdir: “Dünýä adama duşmanmy ýa oňa gowulyk eçilýärmi?”. Mugallym: “Şu tymsaly diňle!” diýip jogap beripdir.
Gadym wagtlarda bir beýik patyşa ajaýyp köşk gurdurypdyr. Beýleki geň-enaýylyklar bilen birlikde bu köşkde hemme ýeri aýnadan gurlan zal bar eken. Onuň diwarlary, asty-üsti, hatda gapylaryna çenli hemme ýeri ýüz görülýän aýna bilen örtülipdir. Üstesine onda güýçli ýaň bolupdyr.
Bir gezek ýaňky zala bir it giripdir. Ol haýran galmakdan ýaňa zalyň ortasyna ýetip doňup galypdyr. Onuň çar tarapy öz ýaly it bolup durmuşyn. Ol syrtarypdyr – itlerem muny gaýtalapdyr. Ol gorkup başlapdyr. Üýrüp olara haýbat atypdyr. Ýaň onuň üýrýän sesini gaýtalapdyr. It has güýçli üýrüpdir. Ýaň ýene-de ondan galmandyr.
Ol agzy bilen boş howany gapyp, iki baka ylgap ugrapdyr. Onuň aýnadan düşýän keşbi hem dişini gyjap, daşyndan aýlanypdyr. Säher bilen bu zala baran hyzmatkärler tapdan düşen iti görüpdirler. Zalyň içinde oňa zeper ýetirip biljek yns-jyns ýok eken.
It özüniň aýnadan düşýän keşbi bilen söweşip, tapdan düşüpdir. Halypa: “Gördüňmi, dünýäde ýagşylygam, ýamanlygam ýok. Ol ynsana biparh. Biziň daş-töweregimizde bolup geçýän zatlar içki ahwallarymyzyň – pikirlerimiziň, duýgylarymyzyň, isleglerimiziň, hereketlerimiziň serpikmesi. Dünýä - bu uly bir aýna” diýipdir.

Terjime eden Maýa APBAÝEWA,
žurnalist.

Ýol ugrunda gurap galan daragt dur eken. Gözedürtme garaňkylykda niredendir bir ýerden peýda bolan ogry ony görüp, özüne garaşyp duran polisiýa işgäridir öýütdi.

Aşyk bolan ýetginjege gijäniň ýarynda ýaňky daragt intizar bolup ýola garap duran söýgülisiniň sudury bolup göründi.

Gorkunç ertekileri diňlän çaga oňa al-arwahdyr öýdüp howatyrly seretdi.

Emma olaryň hemmesiniň göreni şol bir daragtdy.

Biziň özümiz nähili bolsak, dünýäni hem şol görnüşde görýäris.

Terjime eden Maýa Apbaýewa,
žurnalist.

OKEANDA NÄÇE BALYK BAR
Okuwçy mugallymdan soraýar:
-Okeabda näçe balyk bar?
Mugallym jogap berýär:
-Sen mugallym bolan mahalyň okuwçylara okeanda näçe balyk bar diýip sowal berme?

UKLAP ÝATAN ÝYLAN
Bir gorkak adam ýoluň gyrasynda uklap ýatan ýylany görüp:
-Wah, golaý-goltumda daş ýok. Ýogsam-a, birine zyýany ýetmänkä bu ýylany ýok ederdim diýipdir.
Şol wagt ýene bir adam peýda bolupdyr. Onuň gorkaklygy hiç zadyň çaky hem däl eken. Ol:
-“Ýatana ýylanam degmeýär” diýilýär. Ýogsam, bolmanda bu ýatan ýylany parça-parça ederdim – diýip öwünipdir.

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist

Bir gezek duýman durka böwrüne güýçli urlan çakmak göwnüne degene gahar bilen ýüzlenip:
─ Näme beýle meň üstüme gaýdyberdiň-le? Men seni tanamok-edemok. Görýän welin, başga biri bilen çalyşdyň öýdýän. Günüme goý. Men hiç kime ýamanlyk edemok ─ diýipdir.
─ Biderek gaharlanma goňşy ─ diýip, çakmak daşy mylaýymlyk bilen sözläpdir:
─ Eger-de azajyk sabyr etseň, basym senden nahili geň-enaýy zady döredendigimi görersiň.
Bu gürrüňlerden soň çakmak rahatlanypdyr-da, onuň urgularyna sabyrlylyk bilen çydapdyr. Ahyrsoňy çakmakdan hakyky gudraty döredip biljek ot çakylypdyr. Şeýlelikde, çakmagyň sabry hyzmatyna görä sylaglanypdyr.
Bu tymsal käbir adamyň ilkibaşda okuwdan sussy basylýanlygy barada aýdylandyr. Ýöne welin sabyrdan ýüküňi tutup, erjellik görkezseň, onda bilimden ekilen tohum hökman öz ajaýyp miwesini berer. Okamak, öwrenmek ilkibada kyn düşse-de, soňra görkezýän rehneti datlydyr.

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!