Ençeme ýyl mundan ozal bir şäherde örän pähimdar kişi ýaşapdyr. Onuň ýanyna adamlar ýygy-ýygydan maslahata gelipdir. Ol her gelene gowudan-gowy maslahat bermäge çalşypdyr. Akyldaryň şöhraty çar tarapa ýaýrapdyr.
Bir gezek bu pähimdar adam hakdaky gürrüň şol töwerekde ýaşaýan başga bir tanalýan dana kişä baryp ýetipdir. Bu dana hem öz maslahatlary bilen adamlara kömek edýän ekeni. Oňa özüniň pähimdar saýylmagy, sözüne gulak asylmagy ýaraýan ekeni. Haçanda ol özünden başga ýene bir akyldaryň barlygyny eşidende meşhurlygyny ýitirerin öýdüp gaharlanypdyr. Şeýlelikde ol, beýleki adamlara özüniň oňa garanda has pähimdardygyny subut etmegiň kül-külüne düşüpdir.
Uzak wagt pikirlenip, şeýle karara gelipdir: «Bir kebelegi tutaýyn-da ony elimiň aýasynda gizläýin. Hemmeleriň gözüniň alnynda:«Aýt, meniň elimde näme bar?» diýip soraýyn. Ol elbetde beýik akyldar, şonuň üçinem ol muny biler: «Seniň eliňde kebelek bar» diýip aýdar. Şonda men ondan: «Nähili kebelek, janlymy ýa jansyz?» diýip, soraryn. Eger diri diýse, onda men aýamy çalaja gysaryn, elimi açanymda hemmeler kebelegiň jansyzdygyny görerler. Eger ol jansyz diýse, men aýamy açaryn-da kebelegi uçuryp goýbererin. Şondan soňra hemmeler onuň ýalňyşandygyna göz ýetirerler. Ol şeýle hem edipdir. Bir kebelek tutupdyr-da dana kişiniň ýanyna baryp:
─ Hany, aýt meniň elimde näme bar? ─ diýip, sorapdyr. Akyldar:
─ Seniň eliňde kebelek bar ─ diýip jogap beripdir.
─ Onda aýt, ol janlymy ýa jansyz? Akyldar onuň gözüniň içine seredipdir-de şeýle diýipdir:
─ Ähli zat seniň eliňde.

Maýa Apbaýewa, žurnalist.

Bir wagt bir ýeňilmezek esger ýaşapdyr. Ol öz güýjüni görkezmegi halapdyr. Şan-şöhratly pälwanlary, söweş sungatynyň ussatlaryny ýanyna çagyryp göreş tutup, hemişe ýeňşi elden bermän gezipdir.
Bir gün golaýdaky daga bir terkidünýä pälwanyň ornaşandygy onuň gulagyna ilipdir. Ol terkidünýäniň gözlegine çykypdyr. Gözleýän adamsyny tapanda haýran galmakdan ýaňa doňup galypdyr. Daýaw pälwany görmäge baranyň öňünden külbejiginiň gabadynda dem almagyň gadymy tärleri boýunça türgenleşip duran hop-hor hem örän garry adam çykypdyr.
─ Be-e, halkyň dilinden düşürmeýän beýik göreşijisi senmidiň? Asyl adamlar seniň güýjüň barada has çişirip gürlän bolmaly. Sen hatda öz duran harsaň daşyňy hem ýerinden gozgap bilmersiň, men bolsa eger islesem ony göteribem, hatda gyra süýşüribem bilerin ─ diýip, pälwan ýigrenç bilen sözläpdir.
─ Daşky görnüş aldawa salýandyr ─ diýip, garry arkaýyn jogap beripdir. Sen meň kimdigimi bilýäňmi, men bolsa seň kimdigiňem, bärik näme üçin gelendigiňem bilýän. Men her gün jülgä inip, irdenki maşklarymyň ahyrynda kelläm bilen döwýän harsaň daşlarymy getirýän. Seň bagtyňa men heniz muny etmäge ýetişmedim, şonuň üçinem sen öz ukybyňy görkezip bilersiň. Sen meni başa-baş göreşe çagyrmak isleýäň ahyry, men bolsa şunuň ýaly ýönekeý zatlary başarmaýanlar bilen göreşmek islemeýärin ─ diýipdir.
Gyjalata galan pälwan harsaň daşyň ýanyna gelipdir. Bar güýjine daýanyp, ony kellesi bilen urupdyr-da huşundan gidip ýykylypdyr.
Rehimdar garry ederinibilmez pälwany bejeripdir hem-de uzak ýyllaryň dowamynda oňa seýrek sungaty ─ güýç bilen däl-de, akyl bilen ýeňmegi öwredip gezipdir.

Maýa Apbaýewa, žurnalist.

Galam ussasy ony gabyna salmazdan ozal gapdala goýdy. Soňra maslahat bermäge başlady:

-Dünýäde seniň bilmeli 5 zadyň bardyr. Men seni dünýä bermänkäm olary pugta belle we ýatdan çykarma. Şonda sen dünýädäki iň gowy galam bolup bilersiň.

Birinjisi: eger kimdir birine özüňi elinde tutmaga mümkinçilik bersep, gaty uly işleri edip bilersiň.

Ikinjisi: her sapar seni ýiteldenlerinde ejir çekersiň. Emma ol seniň iň gowy galam bolmagyň üçin zerurdyr.

Üçünjisi: sen öz goýberen kemçilikleriňi düzetmäge ukyplysyň.

Dördünjisi: seniň iň möhüm bölegiň içiňde ýerleşýändir.

Bäşinjisi: seni nirede ulanýanam bolsalar, hemişe öz yzyňy galdyrmalysyň. Nähili ýagdaýda bolsaňam, ýazmagyňy dowam etmelisiň.

Terjime eden Maýa Apbaýewa.

Bir adam garynjalary synlap, olaryň zähmetsöýerligine üns beripdir. Olaryň haýyr-heläk bolup öý gurýandygyny, işleriň diýseň depginli dowam edýändigini görüp, haýran galypdyr. Garynjalar agzybirlik bilen işleýärdiler. Olaryň biri sypal daşasa, beýlekisi onuň ýoluny arçapdyr. Üçünji biri suw getirse, dördünjisi iýmit tapypdyr. Bäşinjisi bolsa öý gurmak bilen meşgullanypdyr.
Ýaňky adam bu ýagdaýa guwanyp:
-Garynjalar siz nähili agzybir we işeňňir – diýip, garynjalary alkyşlapdyr.
Garynja:
-Biz ony bilýäris. –Seniň özüň kim? – diýip oňa sowal bilen ýüzlenipdir.
Adam:
-Men ynsan. Bize akyl-paýhas berlipdir – diýip, jogap beripdir.
Onda garynja:
-Siz bize meňzeşmi? – diýip, sorapdyr.
-Biraz meňzeşlik bar. Biz tebigatyň kanunlaryny özleşdirdik. Ummanlaryň düýbüne ýetdik. Aýa aýak basdyk. Jaýlary, hatda uly şäherleri gurýarys –diýip, adam guwanyp gürläpdir.
-Onda sizem alkyş aýdylmagyna mynasyp – dýip, garynja dillenipdir. Soňra bolsa ol şeýle diýipdir:
-Sen öz aýdyşyň ýaly akylly-paýhasly bolýan bolsaň, bu ýerde garynjalar bilen gürleşip oturman, haýyrly iş bilen meşgullanmaly ekeniň.

Terjime eden Maýa Apbaýewa.

Bir ýylyň gadryny biljek bolsaňyz, gije-gündiz ýatman okan talyp bilen pikir alşyň.

Bir aýyň gadryny biljek bolsaňyz, perzendini 9 aýlap göterýän eneleri gürlediň.

Bir hepdäniň gadryny hepdelik neşiriň redaktoryndan soraň.

Bir sagadyň gadryny biljek bolsaňyz, duşuşyga garaşýan aşyk-magşugyň pikirini soraň.

Bir minutyň gadryny biljek bolsaňyz, otla gijä galan adam bilen gürleşip görüň.

Bir sekundyň gadryny biljek bolsaňyz, awtomobil heläkçiligine uçramakdan halas bolan adam bilen söhbet ediň.

Bir millisekundyň gadryny Olimpiýa oýunlarynda kümüş medal gazanan türgenden oňat biljek ýokdur.

Nanosekundyň gadryny kompýuter taslamasy bilen iş salyşýan hünärmen biler.

Ömrüňiziň her bir sekundy altyna barabardyr.

Düýn – eýýäm taryh boldy. Ertir – entek gelmedik zadyň nämedigini aýtmak kyn.

Şu gün – ine, bu bize berlen peşgeş. Şonuň üçin ol häzirki wagt diýlip atlandyrylýar.

Terjime eden Maýa Apbaýewa.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!