Daşoguz şäherinde ýerleşýän hususy kiçi zawodyň işgärleri 3 ölçegli ýanýoda örtükleriniň köpçülikleýin önümçiligini özleşdirdiler. Berkligi, üstiniň taýdyrmaýanlygy, suw geçirmeýänligi, galyberse-de, göze geliwliligi täze önümiň artykmaçlygydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Azat Sabyrowyň hususy kärhanasynyň täze önümleriniň arasynda ýüzüne türkmen halysynyň gölleri salnan we pola ýazylýan gülli daş örtükler, lagym gapaklarynyň dürli görnüşleri bar.
Binalaryň içerki we daşky bezegi üçin daş örtüklere, ýanýoda örtüklerine, bezegli agaç sütünjiklere, aýmançalara we beýleki önümlere sebitiň dürli gurluşyk edaralardyr şahsy adamlar isleg bildirýärler. Kiçi zawodyň meýdançasynda ýerleşýän söwda nokadynda harytlaryň görnüşleri goýlupdyr.
Kärhananyň kuwwatlylygy ýylda 30 müň inedördül metr önüm çykarmaga niýetlenendir. Bu ýerde Ýewropa ýurtlarynda öndürilen ýokary öndürijilikli enjamlar oturdylan. Bazaryň talaplaryna laýyklykda kärhanada taýýar galyplar bilen bir hatarda daş örtükler üçin bü ýerde taýýarlanylan nusgalar-da ulanylýar, bu bolsa özboluşly dizaýnerlik täzelikleri önümçilige ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär we marketing artykmaçlygyny döredýär. Häzirki wagtda kärhanada önümiň on görnüşi çykarylýar, olaryň önümçiliginde bahasy we hili babatda amatly ýerli çig maldan peýdalanylýar.
Gurluşyk bazarynyň talaplaryndan ugur alyp, kärhana emeli mermerden hem şu kysmy önümiň çykarylyşyny özleşdirýär.

www.turkmenistan.gov.tm

Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda gowy tanalýan «HASAR» kompaniýasynda ýakyn wagtda çykarylýan önümleriň görnüşlerini artdyrmak göz öňünde tutulýar. Ady belli önüm öndüriji şokolad plitkalaryny we dürli huruşly kemputlary çykarar.

«HASAR» kompaniýasynda marketing strategiýasy kämilleşdirilýär we Germaniýanyň, Italiýanyň we beýleki ýurltaryň enjamlary satyn alnyp, tehnologik döwrebaplaşdyrmak işleri geçirilýär. Häzirki wagtda aşgabatly konditerler alyjylara önümleriň 100-e golaý görnüşini teklip edýärler. Şokoladlaryň, miweli we süýtli huruşly süýjileriň, kökeleriň, goýy şerbet bilen örtülen waflileriň we wafli tortlarynyň, marmeladyň onlarça görnüşleriniň önümçiligi özleşdirildi.

Gaplanylan gök önümleri, maýonez we üwmeç öndürmeklige ýörüteleşdirilen «NUR» kompaniýasy şu ýyl çykarylýan önümleriň görnüşlerini köpeltmegi hem-de ýerli çig maldan taýýarlanylýan önümleriň satuwyny artdyrmagy göz öňünde tutýar. Munuň üçin Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Owadan ülke” kärhanasynda maýonezi we üwmeji wakuumly plastiki gaplara gaplayjy enjam oturdyldy. Günde bu önümleriň on tonna golaýy wakuumly paketlere gaplanylýar. Plastiki gaplara we çüýşe bankalara hem şonça önüm gaplanylýar.
«NUR» söwda belgisi bilen maýoneziň düzümi we ýaglylygy babatda tapawutlanýan birnäçe görnüşi çykarylýar. Ýakyn wagtda şehde jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary üçin maýonezi we üwmeji bir gezek ulanylýan gaplara gaplaýan enjam oturtmak göz öňünde tutulýar. Täze tehnologiýalaryň ulanylmagy gaplanylýan gök önümleriň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berer. Täze möwsümde telekeçiler alyjylara uzak möhletleýin saklanylýan önümleriň 20-ä golaý görnüşini teklip ederler. Kärhananyň marinada ýatyrylan hyýarlarydyr pomidorlaryndan başga-da ýörüteleşdirilen hususy hojalyklarda ýetişdirilen we ýurdumyzda öndürilen çüýşe gaplara gaplanan gowrulan badamjan, ajika hem-de burç goýaltmasy söwda nokatlaryna gowşar.

www.turkmenistan.gov.tm

Şu ýylyň birinji çärýeginde Türkmenabadyň himiýa zawody polietilen turbalaryň öndürilişini ep-esli artdyrdy. Ýanwar-fewral aýlarynda 20 müň tonna golaý önüm öndürildi, bu bolsa geçen ýyldakydan has köpdür. Şunda Gyýanlyda polimer toplumynyň işe girizilmeginiň ähmiýeti uly boldy, ol ýerden himiýa zawodyna giňişleýin ulanylýan polietilen turbalary çykarmak üçin çig mal gelip gowuşýar.

Häzirki wagda 1400 adamdan gowrak işgäri bolan kärhanada şeýle hem fosfor mineral dökünleri, kükürt kislotasy, agyz suwuny arassalamak üçin kükürtturşuly alýuminiý, tehniki we lukmançylyk kislorody, suwuk aýna we beýleki önümler çykarylýar.

Ýakyn ýyllarda zawodyň önümçilik düzümleriniň üsti ýetiriler. “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni dolulygyna ulanmaga bermek şerti bilen toplumlaýyn mineral dökünleri öndürmek boýunça enjamyň taslamasyny taýýarlamaga we gurmaga halkara bäsleşigini yglan etdi. Türkmenabadyň himiýa zawodynda fosfor dökünlerini çykarmak boýunça sehiň gurluşygynyň meseleleri golaýda türkmen wekilýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

www.turkmenistan.gov.tm

Maldarçylyk toplumy Gökdepe etrabynda ýerleşen, ýurtda belli süýt öndüriji «Sahabatly» hojalyk jemgyýetinde sagylýan sygyrlaryň baş sanyny artdyrmak göz öňünde tutulýar.
TSTB-niň agzasy, telekeçi Orazgeldi Anzarowyň aýtmagyna görä, golştin tohumly mallaryň 400-sini satyn almak barada awstriýaly fermerler bilen şertnama baglaşyldy. Şunda hojalykda naýbaşy tohumly gara malyň baş sany bäş ýüzden geçer. Mundan başga-da, dowarlaryň 1000-sini, şol sanda zane tohumly geçileriň 350-sini saklamak üçin şert döredilen.
Telekeçi Orazgeldi Anzarow ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri maldarçylykda işläp gelýär. Daýhan hojalygyndan 300 gara mally sygyr ýatagyny we ot-iým ýetişdirmek üçin birnäçe ýüz gektar ýeri kärendesine alyp, ol öz ilkinji telekeçilik meýilnamasyny durmuşa geçirip başlady. Hususy kiçi zawody günde 300-400 litr süýdi gaýtadan işleýärdi. Häzirki wagtda bu ýerde et-süýt berýän sygyrlaryň müňe golaýy bar.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!