20.03.2018. Şu gün ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde maslahat geçirildi. Onuň gün tertibine “2018 — 2024-nji ýyllarda Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek boýunça döwlet maksatnamasyny” hem-de bu döwür üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 16-njy martynda tassyklan Kararyna laýyklykda degişli çäreleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde öňde durýan işleriň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak girizildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kuwwatly milli ykdysadyýeti döretmek milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, halk hojalygynyň pudagyny tehnologik taýdan ösdürmek, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini ýola goýmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek boýunça öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilmegine möhüm orun degişli bolup durýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň netijeli hem-de sazlaşykly ösüşi, hususy başlangyçlaryň öňe sürülmegi üçin oňaýly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmegi, eksport-import çärelerini geçirmegiň ýönekeýleşdirilmegi, ýeňillikli salgyt we karz ulgamlary onuň subutnamasydyr.

16.03.2018. Ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklary döwründe telekeçilik işini has-da ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak hem-de täze innowasion önümçilikleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Türkmenistanda Kiçi we orta telekeçiligi goldamak gaznasyny döretmek boýunça birnäçe teklipleri makullanyldy.

www.tdh.gov.tm

16.03.2018. Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň üsti bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ýyllyk 1 göterim bilen 5 ýyl ýeňillikli döwri bolan 20 ýyl möhlete 2 milliard 400 million amerikan dollaryna çenli möçberde karz bermek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Lebap welaýatynyň Tübigatan kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň üsti bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ýyllyk 3 göterim bilen 4 ýyl ýeňillikli döwri bolan 11 ýyl möhlete 600 million amerikan dollaryna çenli möçberde karz bermek tabşyryldy.

www.tdh.gov.

16.03.2018. Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu döwür üçin degişli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Resminama “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginde ösdürmegi dowam etdirmek, milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda telekeçilik işjeňligini artdyrmak, kiçi we orta kärhanalaryň öndürýän harytlarynyň görnüşlerini hem-de möçberlerini artdyrmak, olaryň daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, hususy telekeçiligiň ösmegine ýardam bermek maksady bilen kabul edildi.

www.tdh.gov.tm

16.03.2018. Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Ýer hakyndaky” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we “Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolan binalar toplumyny gurmak üçin, Aşgabat şäheriniň Tähran köçesiniň ugrunda 8 gektar ýer bölegini hemişelik peýdalanmaga bermek bellenildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetine Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde ýokarda agzalan ýer bölegini bellenilen tertipde resmileşdirmek tabşyryldy.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!