Bir ýaş ýigit özüniň ruhy halypasynyň ýanyna gelip şeýle diýipdir:
 – Halypam siz maňa hyýalymda: «Men öz durmuşyma şatlygy kabul edýärin» diýen jümläni gaýtalap gezmegi maslahat beripdiňiz. Men muny her gün ençeme gezek gaýtalap gezýärin, onda-da durmuşymda şatlyk öň bolmaýşy ýaly häzirem ýok. Men öňkim ýaly häzirem ýeke. Indi, men näme etmeli?
 Akyldar sesini-üýnüni çykarman eline ilen çemçe, kürüşge, şem ýaly zatlary ýaş oglanyň öňünde goýup:
 – Şularyň haýsyny saýlan bolsaň adyny tut – diýipdir.
 – Çemçäni – diýip, oglan jogap beripdir.
 – Muny bäş gezek gaýtala – diýip, garry haýyş edipdir.
 – Men çemçäni saýlaýaryn – diýip, ýaş oglan bäş gezek gaýtalapdyr.
 Ine, gördüňmi? Sen çemçäni saýlaýanyňy million gezek gaýtala, ol barybir seňki bolmaz. Eliňi uzadyp, ony almagyň gerek. Hereket etmegiň zerur…

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist

Bir adamyň paltasyny ogurlapdyrlar. Ol howla çykyp, bar ýeri gözlese-de paltasyny tapmaýar. Bir seretse gerwezäniň daşynda goňşusynyň ogly dur eken. Ol edil palta ogurlan adam ýaly bolup durmuşyn. Ýöreýşi hem edil müýnli adamyňky ýalymyş. Onuň nazaryna bakyp palta ogurlan adamyň gözlerini görmek bolýardy.
 
Şol ýerde paltasyny ogurladan adam büdreýär, özem öz paltasyna büdreýär. Ol öň ony görmän eken. Paltasyny ýerden galdyryp, ol goňşusynyň ogluna bakýar. Ol hiç haçan paltany almadyk adam ýaly bolup durmuşyn. Üns berip synlasaň, onuň gözlerinde müýn ýokdy. Ol palta ogurlap biljek adam däldi.
 
Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist

Bir akylly, garry pişik otuň üstünde, Güne çoýunyp ýatyrdy. Şol wagt onuň golaýyna bir dogumlyja çaga pişik gelýär-de, dynman aýlanyp başlaýar.

– Sen näme edýäň – diýip, ýaňky pişik äwmezlik bilen gyzyklanýar.

– Men öz guýrugymy tutmaga çalyşýan ─ diýip, çaga pişik jogap berýär.

– O näme üçin ─ diýip, garry pişik ýaňsylaýar.

– Maňa guýruk meniň bagtym diýdiler. Eger men guýrugymy tutup bilsem, onda öz bagtymy tapdygym. Ine, şonuň üçin men üç günden bäri guýrugymyň ugrunda ylgaýaryn, ol bolsa, hemişe menden sypyp gaçýar.

– Hawa ─ diýip, garry, parasatly pişik söze başlaýar:

– Bir wagtlar menem edil sen ýaly öz bagtymyň yzyndan ylgaýardym, ol bolsa her gezek menden sypyp gaçýardy. Men bu hyýaldan el üzdüm. Wagt geçdigiçe bagtyň yzyndan ylgamagyň manysynyň ýokdugyna düşündim. Ol mydama meniň yzymdan galman gezýär. Nirede bolsam-da, bagtym meniň ýanymda, esasy zat muny ýadyňdan çykarmaly däl.

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist

Bir adam iri kompaniýalaryň birine, aýdaly, “Maýkrosoft” kompanyýasyna howly süpüriji bolup işe ýerleşmek üçin barýar.

Işgärler bölüminde oňa sowal baryny berip, test geçirýärler.

Ahyry oňa:

─ Gutlaýarys, siz işe kabul edildiňiz. Haçan işe başlamaly wagtyňyzy habar bermegimiz üçin siz öz elektron salgyňyzy (e-mail) goýuň-diýýärler.

─ Be! Ýöne meniň kompýuterimem, hiç hili elektron salgymam ýok ahyry ─ diýip, ýaňky erkek kişi aljyraňňy jogap beripdir.

─ Bagyşlaň, onda biz sizi kabul edip bilmeýäris.

Gam-gussa batan bu adam köçä çykýar. Onuň jübüsinde bary-ýogy 10 dollary bardy. Nähili pul gazanmaly?! Şu ýerde onuň kellesine bir pikir gelýär. Ol fermerden 10 kilogram pomidor satyn alýar we öýme-öý aýlanyp harydyny hödürleýär. Iki sagada galman oňa başky goýumyny iki esse köpeltmek başardýar. 6 sagatlyk işden soňra onuň jübüsine 160 dollar girýär. Ol şeýle girdeji bilen iş berijisiz hem oňup boljakdygyna düşünýär. Birnäçe wagtdan soňra ol ulag satyn alýar, soň ýük ulagyny satyn alýar, soňra dükan, bäş ýyl geçenden soň bolsa, ol birnäçe iri söwda merkezler ulgamynyň eýesi bolýar. Şondan soň ol öz ömrüni ätiýaçlandyrmak isleýär. Gepleşikden soňra ätiýaçlandyryş edarasynyň wekili ondan has haýyrly teklip aýtmak üçin öz elektron salgysyny goýmagy haýyş edýär. Muňa ýaňky işewür birnäçe ýyl mundan ozalkysy ýaly elektron salgysynyň hem, hatda kompýuteriniň hem ýokdugyny aýdýar.

─ Siz nähili tsin adam─ diýip, wekil geň galýar:

─ Siziň uly biznesiňiz bar, elekton salgyňyz bolsa, ýok. Siz diňe göz öňüne getirip görüň, eger kompýuteriňiz bolan bolsady.

Işewür biraz pikirlenip, şeýle diýýär:

─ Men “Maýkrosoft” kompaniýasynyň howly süpürijisi bolardym.

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist

Bir gezek mugallym okuwçylardan soraýar:

– Pürsüň üstünde üç sany gurbaga otyr. Olaryň biri suwa bökmek kararyna gelýär. Pürsüň üstünde näçe gurbaga galdy?

– Üç ─ diýip okuwçylaryň biri ynamsyzlyk bilen jogap berýär.

– Elbetde, üç gurbaga – diýip mugallym ýylgyrýar. Gurbaga diňe bökmek kararyna geldi, ýöne munuň üçin hiçhili hereket etmedi. Hiç haçan karar bilen hereketi garyşdyrmaň. Käwagt siz eýýäm böken ýaly bolýarsyňyz, ýöne aslynda siz henizem pürsüň üstünde otyrsyňyz.

Terjime eden Maýa Apbaýewa

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!