Professor eline suwly bulgury alyp, sapakda oturan talyplara sowal bilen ýüzlenmekden başlaýar:
─ Kim bilýär, bu bulguryň agramy näçekä?
Talyplar öz aralarynda pyşyrdaşypdyrlar.
─ Iki ýüz gram töweregidir, üç ýüz, belki dört ýüz gramdyr?! ─ diýip, her ýerden gykylyklar eşdilip ugrapdyr.
─ Dogrusy meniň özüm hem bu bulguryň agramynyň näçedigi hakynda anyk jogap berip bilemok ─ diýip, professor söze başlapdyr.
─ Ýöne, bu esasy zat däl. Mende şeýle sowal bar: eger men bu bulgury uzadylan elimde 2 minutlap saklasam, näme bolar?
─ Hiç zat ─ diýip geň galan talyplar jogap beripdir.
─ Hakykatdan hem hiç zat bolmazmy ─ diýip, professor dowam edipdir ─ eger 2 sagat saklasam?
─ Siziň eliňiz agyrar ─ diýip, talyplaryň biri gygyrypdyr.
─ Siz nähili pikir edýärsiňiz, eger men bu suwly bulgury uzakly gün uzadylan elimde saklap dursam, onuň agramy üýtgärmi?!
─ Ýok, üýtgemez ─ diýip, geň galyjylyk bilen talyplar bir-birlerine seredişipdirler.
─ Bu ýagdaýy düzetmek üçin näme etmeli?
─ Ýöneje bulgury stoluň üstünde goýaýmaly ─ diýip, talyplaryň biri teklip edipdir.
─ Edil özi! ─ diýip, professor gygyrypdyr. Ýaşlar hergiz ýadyňyzda bolsun: edil durmuşyň kynçylyklary bilen hem şeýle bolmaly. Ýüze çykan mesele hakynda 2 minut pikir etseň ol seniň ýanyňda bolar. Eger 2 sagat pikir etseň, ol seni heläk edip başlar. Eger uzakly gün pikir etseň welin, ol kynçylykly mesele seni ysmaz edip taşlar.
Uzak pikir edeniň bilen kynçylygyň «agramy» peselmeýär, gaýta has artýar. Diňe garşylygyna amal etmek bilen ondan üstün çykarsyň. Köplenç, hatda iň ýönekeý, ýöne öz wagtynda edilen iş, üznüksiz pikir edeniňden ýagşydyr. Kynçylyklary çözüň ýa-da bir ýaňalyk ediň, ýogsa ol seni bütinleý gurşap alar.

Terjime eden Maýa APBAÝEWA,
žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!