Mary welaýatynda ýerleşýän «Hoşwagt» kärhanasy «Altyn Baş» haryt nyşanly dürli görnüşli önümleri öndürýär we eksport edýär. Bu ýerde diňe bir kofýanyň 5 görnüşi – berk kofe, tokaý hozy tagamly, kapuçino, süýtli kofe, gyzgyn şokolad çykarylýar. Bulardan başga-da, bally patrak, mekgejöwen taýajyklary, patrak, taýajyk we piramida şekilli çipsileriň gaýmak, sogan, çişlik, gyzyl burç we peýnir tagamly görnüşleri öndürilýär. Şeýle hem ýokumly goşundyly dürli reňkli gandyň malina, dalçyn, limon we tokaý miwe tagamly görnüşleri hem-de ak gant, guradylan çörek bölejikleri ile hödürenýär.
Kärhananyň önümleri dürli görnüşi we alyjylara hödürlemegiň özboluşly çemeleşmegi bilen tapawutlanýar. Bifşteks, sogan, ketçup, süýtli we peýnir tagamly mekgejöwen taýajyklary önümleriniň käbirleridir. Önümleriň görnüşleriniň arasynda 4 tagamly – deňiz duzly, çişlik, kakadylan şöhlat we peýnir tagamly çörek bölejikleri hem bardyr. Kärhana galyberse-de, däneli kofe, kagyz stakanjyklar bilen önümçiliginiň üstüni ýetirdi.
Kärhananyň ýolbaşçysy Maksatmyrat Gurbanmuhammedow «Biziň ýurdumyzda azyk harytlarynyň bolçulygyny döretmäge, daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutjak önümleri, dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply harytlaryň täze görnüşlerini öndürmäge goldaw berilýär» diýip belledi.
Häzirki wagtda «Altyn Baş» haryt nyşanly önümler Owganystana ugradylýar, ýakyn wagtda bolsa, Russiýa, Gazagystana we Gyrgyzystana eksport etmek meýilleşdirilýär.

www.business.com.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!