Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Başlygy “Nesma Trading Co. Ltd.” kompaniýasynyň (Saud Arabystan) ýolbaşçylygy bilen duşuşdy.
Myhmanlar TSTB-niň işiniň ugurlary we gazananlary hakynda habar berlen maglumatlara uly gyzyklanma bildirip, türkmen telekeçileri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy babatda gyzyklanmalaryny beýan etdiler.
Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň bolup biljek ugurlary, şol sanda, bilelikdäki önümçilikleriň döredilmegi hakynda hemmetaraplaýyn özara pikir alşyldy.

www.tstb.gov.tm