Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary galyndylary gaýtadan işlemek babatda yzygiderli iş alyp barýarlar. Olar ulanyşdan galan plastik, kagyz, polietilen, rezin, agaç serişdelerini gaýtadan işlemek hem-de önümleri öndürmek boýunça kiçi önümçilikleri ýola goýdular.
Galyndylary gaýtadan işlemek bilen meşgullanýan kampaniýalaryň hatarynda Lebap welaýatyndan "Dana dünýä”, “Sapa – Wepa” hususy kärhanalary, Daşoguz welaýatyndan “Sabyrly ussat”, Mary welaýatyndan “Eşretli kenar”, “Ak hünji” hususy kärhanalary plastmassa, rezin we plastik önümleri täzeden işleýär.
Ahal welaýatyndan “Hindiwar” hususy kärhanasy we Lebap welaýatyndan “Kökçi” hojalyk jemgyýeti ulanyşdan galan akkumulýatorlary gaýtadan işlemek bilen, täze akkumulýatorlaryň önümçiligini ýola goýdular.
Baýramaly şäherinde ýerleşýän “Eşretli kenar” hususy kärhanasynda gaýtadan işlemek arkaly polietilenden dürli önümleri öndürmek işleri ýola goýuldy. Bu hususy kärhanada ýurdumyzyň welaýatlarynyň dürli ýerlerinden ýygnalan galyndy plastikalar gaýtadan işlenip, hojalyklarda, bazarlarda ulanylýan polietilen torbalar, ýyladyşhanalarda, dokma toplumlarynda ulanylýan polietilen plýonkalar, haltajyklar, suw geçiriji polipropilen turbalar, gurluşyk pudagynda ulanylýan gara izolýasiýa plýonkalar, mallaryň ot-iýmlerine örtük hökmünde ulanylýan plýonkalar öndürilýär.
“Eşretli kenar” HK ýylda 1500 tonna önüm öndürmäge niýetlenen iň kämil enjamlar ornaşdyrylan kärhana açmak meýilleş¬dirýär. Onda ulanyşdan galan plastmassa çüýşeleri gaýtadan işlenip, dürli gaplary öndürmek maksat edinýär.
Ýurdumyz boýunça telekeçiler tarapyndan ýylda 500 müň tonna zibil we galyndylary gaýtadan işlemegi ýola goýmak meýilleşdirilýär.

www.business.com.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!